Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-Magtymguly Pyragy

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni mynasybetli “Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-Magtymguly Pyragy” atly dabaraly çäre  “Toý mekany” medeni-dynç alyş merkezinde geçirildi. 

Her ýyl 27-nji iýunda Türkmenistanda goşa baýramçylyk - Medeniýet we sungat işgärleriniň güni, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni baýram edip bellenilýär.

Halkymyz türkmen nusgawy poeziýasynyň, edebiýatynyň we edebi türkmen diliniň düýbüni tutujy, Magtymguly Pyragynyň şygryýetine, şeýle hem medeniýet we sungat işgärleriniň alyp barýan işlerine uly hormat goýýar. Eziz Watanymyzda halkymyza döwrebap medeni hyzmatlary hödürlemek, medeni-dynç alyş çärelerini ýokary derejede guramak, meşhur sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlaryny köpçülige ýetirmek ugrunda ähli şertler döredilýär. Munuň özi raýatlarymyzy il-ýurt bähbitli işlere ruhlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Çärä tanymal medeniýet we sungat ulgamynda zähmet çekýän ussat halypalar çagyryldy. Edebi agşamda çykyş edenler ýurdumyzyň medeni pudagynda alnyp barylýan işler barada, döredijilik ussatlarynyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda gazanan üstünlikleri, şeýle hem ýakyn wagtda giňden belleniljek Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe taýýarlyk barada gürrüň berdiler. Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda medeniýet we sungat ulgamyny ösdürmekde we türkmen halkynyň maddy hem ruhy gymmatlyklarynyň dünýä ýaýramagy üçin ähli şertler hem mümkinçilikler döredilýär. Şu ýyl Arkadag şäherinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp Medeniýet hepdeligini geçiriler. Onuň çäginde dürli döredijilik işleri guralar, şonda Gündogaryň akyldar nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çärelere aýratyn öz ornyny tapýar diýip çykyş edenler belläp geçdiler.

Maslahatyň ahyrynda bu ýere gatnaşanlar Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de okgunly ösdürmek ugrynda alyp barýan, türkmen halkynyň hak howandarlary Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP