Şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň mejlisler zalynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli “Daşky gurşawyň goragynda” atly maslahaty boldy.
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni 1972-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan döredilip, şondan bäri hem köp ýurtlarda bellenilýär. Ol dünýä jemgyýetçiligini häzirki döwrüň ählumumy meselelerini çözmekde tagallalary birleşdirmäge çagyrýar. Munuň özi her bir adamyň ýaşaýan dünýämiziň ekologik ýagdaýy üçin jogapkärçiligi, tebigata aýawly garamagyň zerurdygy barada pikirlenmäge, şeýle hem geljekki nesilleriň bähbidine onuň gözelligini we baýlyklaryny gorap saklamak işine gatnaşmaga mümkinçilikdir. Häzir dünýäde ekologiýa meseleleriniň ähmiýetine hemme döwürlerdäkiden oňat düşünilýär. Şol meseleleri çözmezden, adamzat jemgyýetiniň mundan beýläkki durnukly ösüşini göz öňüne getirmek mümkin däl. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda her ýyl ýaş agaç nahallaryny oturtmak boýunça ählihalk dabarasyna badalga berilýär. Paýtagtymyzyň töwereklerinde ýaşyl tokaý zolaklary döredilip, howanyň hilini gowulandyrmaga we biodürlüligi gorap saklamaga uly üns berilýär.
Ynsan saglygyny goramakda, gözel tebigatymyzy aýawly saklamakda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleri rowaç bolsun!
TSTP