Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň gurnamagynda Bereket etrabynyň Çeper halyçylyk kärhanasynyň mejlisler jaýynda agzalarymyzyň arasynda kanunçylyk we hukuk düşünjeliligini ösdürmek maksady bilen, “Adam hukuklary mukaddesdir” atly düşündiriş ähmiýetli duşuşygy geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kanunçylyk-hukuk ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeler ýurdumyzda gazanylýan beýik ösüşleriň, ýetilýän belent sepgitleriň hukuk binýady bolup hyzmat edýär. Demokratiýa, ynsanperwerlik, adalatlylyk baky Bitarap watanymyzyň esasy ýörelgeleri bolup durýar. Jemgyýetiň asudalygyny, jebisligini, döwletiň berkararlygyny üpjün edýän berk hukuk binýady ýurdumyzyň Konstitusiýasy we beýleki kanunçylyk namalary has-da kämilleşdirilýär. Halkyň ýaşaýyş–durmuş derejesi gowulanýar, ýaşamak, zähmet çekmek üçin ähli şertler döredilýär.
Adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, höweslendirmek, goramak we berjaý etmek meseleleri hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 4-nji maddasynda: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir. Döwlet her bir raýatynyň öňünde jogapkärdir we şahsyýetiň erkin ösmegi üçin şertleriň döredilmegini üpjün edýär, raýatyň janyny, at-abraýyny, mertebesini, azatlygyny, şahsy eldegrilmesizligini, tebigy we aýrybaşgalanmaz hukuklaryny goraýar» diýlip kesgitlenilýär. Bu kada laýyklykda, ýurdumyzda alnyp barylan il-ýurt bähbitli işleriň ählisi bir maksada, ýagny adam hakdaky alada gönükdirilendir. Agzybir halkymyzyň abadançylygyň, bagtyýarlygynyň mizemez binýady bolup durýan kanunçylyk özgertmeleri jemgyýetçilik we döwlet durmuşyny demokratiýalaşdyrmakda Hormatly Prezidentimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda belent sepgitlere ýetilýändiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.
Ata-Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilmegi ugrunda ýadawsyz alada edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşymyz egsilmezdir.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaç bolsun!
TSTP