Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Göwünlere guwanç çaýýar güli owadan halylar

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de mäh­ri­ban Ar­ka­da­gy­my­zyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pa­ra­sat­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da ha­ly­çy­lyk sun­ga­ty­na be­ril­ýän gol­da­wyň ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň me­de­ni mi­ra­sy­nyň iň gym­mat­ly ha­zy­na­sy bo­lan bu sun­gat kä­mil­lik de­re­je­si­ne çy­ka­ry­lyp, ös­dü­ril­ýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň  bilelikde gurnamagynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly muzeýinde “Göwünlere guwanç çaýýar güli owadan halylar” atly baýramçylyk çäresi geçirildi. Halyçylyk sungaty türkmen halkynyň göz guwanjy, el hünäri, başarnyklygy hökmünde irki döwürlerden gelýän halk döredijiliginiň iň gymmatly ýadygärligi hökmünde XIX asyrda hem rowaçlanypdyr.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň käbesi, Türkmenistanyň at gazanan halyçysy Ogulgerek Berdimuhamedowa agtyklary bilen Türkmenistanyň medeniýet merkeziniň döwlet muzeýine barmagy we ol ýerde halyçy enemiz Ogulabat käbämiziň taýýarlan alajalaryny we alaja taýýarlamakda ulanylýan iş guralyny muzeýe gowşurmagy, käbämiziň el işleri barada aýdyp, nesiller üçin nusgalyk sözlerini olara ýetirmegi biziň türkmen halkymyzyň gyz-gelinlerine nusgasy hökmünde geçmiş taryhymyza şaýatlyk edýär. Türk­men ha­ly­çy­lyk sun­ga­ty özü­niň göz­ba­şy­ny ga­dym­dan alyp gaýd­ýar. “El hü­nä­ri il ge­zer” diý­li­şi ýa­ly, asyr­lar­dan-asyr­la­ra aşyp, hä­zir­ki bag­ty­ýar­lyk za­ma­na­myz­da ge­lin-gyz­la­ry­myz ta­ra­pyn­dan sün­nä­le­nip do­kal­ýan in­çe sun­ga­ty­myz öz ne­pis­li­gi, mi­ze­mez owa­dan öwüş­gin­li­li­gi bi­len ta­pa­wut­la­nyp, on­da ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ta­ry­hy we me­de­ni­ýe­ti ba­ra­da syr­ly, gym­mat­ly mag­lu­mat­lar jem­len­ýär.Türk­me­niň ha­ly sun­ga­tyn­da şan­ly geç­mi­şi­miz, şu gü­nü­miz hem gel­je­gi­miz wasp edil­ýär. Bu gün­ki gün­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz türk­men ha­ly­sy­nyň şan-şöh­ra­ty­nyň art­ma­gy­na uly üns ber­ýär. Köp­le­ri özü­niň ne­pis­li­gi bi­len haý­ra­na go­ýan türk­men ha­ly­la­ry­myz toý­la­ry­my­zyň, öý­le­ri­mi­ziň be­ze­gi. Ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri do­ka­lyp gel­ýän «Guş göl­li» ha­ly­myz dün­ýä­de özü­niň owa­dan­ly­gy gaý­ta­lan­ma­jak gö­zel­li­gi şeý­le hem özü­niň gy­zyl reň­ki bi­len äle­me meş­hur­dyr. Bu barada Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesow “Halyçy gelne” atly şygyrynda şeýle diýýär:

Seniň käriň kyndygyna sözüm ýok,

Belki, her çitimiň ajap bir şygyr.

Ýöne welin, maňa düşnüksiz bir zat:

Kämilleşdigiňçe, seň üçin aňsat,

Kämilleşdigimçe, meň üçin aňsat.

Taryhy çeşmelerde türkmen halysynyň diňe şalaryň köşklerine bezeg berendigi barada maglumatlar bellenilip geçilýär. Dün­ýä ja­han­keş­de­le­ri­ni, alym­la­ry­ny haý­ra­na goý­ýan gö­zel­li­giň we kä­mil­li­giň baý­da­gy bo­lan mil­li türk­men ha­ly­la­ry­myz ta­ry­hyň uzak do­wa­myn­da ene-ma­ma­la­ry­myz ta­ra­pyn­dan dö­re­di­lip gel­nen be­ýik sun­gat­dyr, be­ýik gud­rat­dyr! 

Dabaraly çäräniň ahyrynda dabara gatnaşyjylar Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de okgunly ösdürmek ugrynda alyp barýan, türkmen halkynyň hak howandarlary Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP