Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Döwlet berkararlygynyň mizemez sütünleri

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Döwlet berkararlygynyň mizemez sütünleri” atly maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda dabaraly çäreler guraldy. Oňa gatnaşyjylaryň ruhubelentligi, şatlygy türkmen halkynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döredijiligiň ýoly bilen ösüşiň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan hem-de bagtyýarlygyň, nurana arzuwlaryň wysal bolýan ýurdy hökmünde ykrar edilen Garaşsyz, Bitarap Watanymyza buýsanjynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.  Şol sanda Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň kiçi zalynda maslahat geçirildi. 18-nji maýda ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni dabaraly ýagdaýda bilelikde bellenilip geçilýär. Bu ajaýyp baýramçylygyň döwletimiziň Baş kanunymyzyň we Döwlet baýdagymyz bilen baglanyşdyrylmagynyň çuňňur we taryhy manysy bar. Türkmen halkynyň berkarar we bagtyýar döwlet, agzybirlik we asudalyk baradaky arzuwlary mukaddeslikleriň ikisinde-de öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurdumyzyň ähli ugurlardaky ösüşleriniň hukuk binýady bolmak bilen, ynsanperwerlige, ruhubelentlige badalga berýär, ajaýyp geljege berk ynam döredýär. Konstitusiýanyň kadalary bilen kepillendirilýän hukuklar tutuş halkymyzy ösüşiň täze belentliklerine ýetmäge ruhlandyrýar. Konstitusiýa Türkmenistan döwletiniň we hukuk ulgamynyň, hukuk tertibiniň esasydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda döwrebap, halkara hukukda ykrar edilen konstitusion döwlet gurluşy, adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary we borçlary, olaryň hukuk goragynyň kepillikleri, halkyň milli we umumadamzat gymmatlyklar ulgamy jemlenýär. Döwlet baýdagymyzyň baky ýaşaýşy we döredijiligi aňladýan ýaşyl reňkinde, milli agzybirligimizi alamatlandyrýan bäş ýyldyz we ýarymaý şekillerinde, şanly taryhymyzdan söhbet açýan täsin haly göllerinde, parahatçylygy we bitaraplygy alamatlandyrýan zeýtun şahajyklarynda merdana pederlerimiziň erkin we garaşsyz Watan, berkarar döwlet hakyndaky beýik arzuwlary jemlenendir. Ýaşyl tugumyz dünýä döwletleriniň baýdaklarynyň arasynda belentden pasyrdaýar. Bu bolsa mähriban halkymyzyň hem-de eziz Watanymyzyň uly abraýydyr. Ak mermer Aşgabadyň gözellikleriniň biri-de Ginnesiň rekordlar kitabyna giren beýikligi 133 metr baýdak sütünidir. 2011-nji ýylda döwletimiziň Baş Kanunynyň hatyrasyna açylan uzynlygy 185 metr Konstitusiýa Binasy, onda pasyrdaýan milli ýaşyl baýdak sungat ussatlaryny döredijilige ruhlandyrýar. Maslahatyň ahyrynda maslahata gatnaşanlar Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de okgunly ösdürmek ugrynda alyp barýan, türkmen halkynyň hak howandarlary Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP