Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Türkmen bedewi – ebedi gymmatlyk

Golaýda, şeýle şygar astynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda partiýanyň mejlisler jaýynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi.

Türkmen halky däp boýunça her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Bedew baýramyny uly dabara bilen belleýär. Bu baýramçylyga bagyşlanan çäreler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde giňden bellenilip, dürli çäreler-dabaralar geçirilmegi birnäçe günläp dowam edýär. Halkymyzyň bu söýgüli baýramçylygynda ylmy maslahatlar, ýurdumyzyň görnükli atşynaslary we seýisleri bilen duşuşyklar, spektakllar, konsertler we at sport bäsleşikleri geçirilýär. Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýola goýlan, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan dowam etdirilýän dabaralar giň gerime eýe bolýar. Şeýlelikde, döwürleri we menzilleri özüne boýun egdiren ganatly bedewler dünýä ýüzünde uly şöhrat gazanyp, döredijilik kuwwatyny, zähmet sazlaşygyny, döredijilik başlangyçlaryny, gözelligi we hoşniýetliligi özünde jemleýär. 

Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ajaýyp “behişdi bedewlerimiziň” kuwwaty bilen beýik maksatlara, halklaryň abadançylygynyň, Ýer ýüzünde dostlugyň we parahatçylygyň bähbidine tarap uzap barýan ýolumyzy ýagtaldyp, belentliklere çykýarys diýip, guwanç bilen aýdyp bileris. Ajaýyp döwrümiziň bezegine öwrülen behişdi bedewlerimiz baradaky aladany dünýä derejesine çykaran, türkmen halkynyň ykbalyny galkyndyryp, bagtyýarlyk döwrüniň bagtyna guwanyp, eşretli durmuşda ýaşaýan halkymyza döwletli-döwrany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň,  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

TSTP