Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Balkan welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda ýaşlaryň arasynda watansöýüjiligi, mertligi, adamkärçiligi, agzybirligi terbiýelemek babatda “Watanyň daýanjy ýaşlar” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Her bir täze başlangyçlarynda ýaşlara bil baglap, olaryň gujur-gaýratyna, aň-bilim kämilligine, halal zähmetine ýokary baha berýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen ýaşlarynyň bagtyýar ýaşaýşyna gönükdirilen işler ýaşlaryň hukuk resminamasy bolan “Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanuny esasynda kepillendirilendir. Häzirki döwürde ýaşlaryň döwletimiziň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklary, ylymly-bilimli, hünärli bolup ýetişmekleri, dünýä ylmyna çuňňur aralaşmaklary üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilýär. Şonuň netijesinde, maksada okgunly, ösen tehnologiýalara ussatlyk bilen erk etmegi başarýan, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden habarly, kämil ýaşlar, şeýle-de hususy başlangyçlary bilen ýurdumyzyň altyn gaznasy hasaplanylýan, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagyna mynasyp goşant goşýan ýaş telekeçileriň nesli kemala gelýär. Täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň parlamentiniň işini ösdürmek, milli kanunçylygymyzy halkara ölçeglerine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirmek, jemgyýetimizde täze hukuk medeniýetini kemala getirmek, milli demokratiýany dabaralandyrmak, ata-babalarymyzdan miras galan döwletlilik ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmek boýunça durmuşa geçirilýän işlerde syýasy taýdan taýýarlykly, paýhasly ýaşlarymyza Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz, tutuş halkymyz uly ynam bildirýär. Türkmen ýaşlary şeýle belent ynamy jogapkärçilik duýgusy, watançylyk borjy bilen ödemegi özleriniň baş maksady saýýarlar. Älem giňişliginde sagdynlygyň, ruhubelentligiň ýurdy, arzuwlaryň hasyl bolýan mekany hökmünde tanalýan Türkmenistan döwletimizde bagtyýar ýaşamak, okamak, döretmek, öz zehiniňi açyp görkezmek, halal zähmet çekmek bagtyna eýe bolan biz-ýaşlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden alkyş aýdýarys.
TSTP