Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Gadymy Änew medeniýeti

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip atlandyrylmagy ata Watanymyz Türkmenistan döwletimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli parasatly syýasaty netijesinde beýik ösüşlere beslenip batly gadamlar öňe barýar. 

Ýurdumyzda milli mirasymyza däp-dessurlarymyza uly sarpa goýulýar. Milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, geljekki nesillerimize ýetirmek üçin yzygiderli işler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň gurnamagynda Türkmenistanyň Milli “Ak bugdaý” muzeýine we gadymy orta asyr Seýit Jamal ad-Din metjidine gezelenç gurnaldy, gezelenjiň dowamynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň işgärleri we agzalary gadymy Änew şäherine gezelenç etdiler we orta asyr Seýit Jamal ad-Din metjidi bilen tanyşdylar. Gatnaşyjylara binagärlik ýadygärligi bolan Änew şäheriniň iň meşhur mukaddes ýerlerinden biri görkezildi. 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň gurnamagynda Türkmenistanyň Milli “Ak bugdaý” muzeýine hem gezelenç gurnaldy. Bu gezelenjiň dowamynda, biz muzeý barada maglumatlary onda saklanylýan tapyndylary içgin öwrendik. Änew baý taryha eýe bolan gadymy künjekdir. Geçmişde ösen medeniýetiň ojagy höküminde meşhurlyk gazanan bu taryhy mekanyň şan-şöhraty gaýtadan dabaralanýar. Beýik döwrümiziň döredijilik ruhundan galkynýan gadymy Änew şäheri bu gün barha özgerýär. Biri-birinden görkana durmuş-medeni önümçilik maksatly binadyr desgalar, giň köçeler Änew şäheriniň döwrebap keşbine gözellik çaýýar. Şäheriň görnükli ýerlerinde bina edilen, binagärlik keşbi bilen göreniň aklyny haýrana goýýan Milli “Ak bugdaý” muzeýi uly gyzyklanma eýedir. Muzeýe gelýän syýahatçylar ol ýerde saklanylýan gymmatlyklardyr maglumatlar arkaly gadymy Änewiň ekerançylygyň asyl mekanydygy bilen bagly hakykata göz ýetirýärler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan adyl syýasatlaryny wagyz etmeklikde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň işgärleri hem işjeň zähmet çekýärler. Biz hem tassyklanan meýilnama laýyklykda beýleki syýasy partiýalar we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde agzalarymyzyň arasynda  baýramçylyk duşuşyklaryny, döredijilik bäsleşiklerini tegelek stol gepleşiklerini  habar beriş serişdelerine  çykyşlary gurnalyp halk köpçüligine ýetirilýär. Diýarymyzyň ösüşlerine we buýsançly taryhyna buýsanmaga ajaýyp döwrüň hözirini görüp ýaşamaga zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys, janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

TSTP