Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Balkan welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda Bütindünýa saglyk güni mynasybetli “Bedenterbiýe we sport – sagdyn durmuşyň gözbaşy” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk gününiň baýram edilmegi türkmen halky üçin bolşy ýaly, tutuş adamzat üçin hem şanly wakadyr. Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan sport syýasatynyň netijesinde hem-de köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň, ýokary netijeli sportuň ösmegine uly itergi berýär.
Türkmenistan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň agzasy bolmagy netijesinde, bilelikdäki hyzmatdaşlygyň 32 ýylynyň dowamynda Türkmenistanyň ilatynyň saglygyny berkitmäge gönükdirilen ägirt uly üstünlikler gazanyldy. Saglyga bolan hukuk adam hukuklarynyň esasylarynyň biri bolmak bilen, her bir adamyň maddy kynçylyklary çekmezden, saglygy goraýyş hyzmatlaryna elýeterliliginiň bolmagyny aňladýar. Bu ýörelge Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Halkymyzyň iň gymmatly baýlygy bolan saglygyny goramak babatda tutumly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, beýik tutumlary rowaç bolsun!
TSTP