Dünýäniň durky hem görküne deňelýän , adamzat ýaşaýşynyň bezegi bolan mährem ene-mamalarymyza, gelin-gyzlarymyza goýulýan hormat-sarpadan, baýramçylyk günlerinde Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaralar paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynda giňden bellenilip geçirilýär. ,,Pähim - paýhas ummany Magtymguly pyragy,, ýylynyň 27-nji fewralynda paýtagtymyzyň ,,Gül zemin,, toý mekanynda Aşgabat şäheriniň häkimliginiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň bilelikde gurnamaklarynda ,, Zenan bilen zemin gülleýär,, atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Baýramçylyk çäresinde çykyş eden aýdymçylar enelere, uýalara, gelin-gyzlara özleriniň iň gowy duýgularyny şatlyk bilen beýan etdiler. Şeýle-de Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen bu aýdym-sazly çäräň dowamynda meşhur estrada aýdymçylary mähriban zenanlar üçin milli hem-de dünýäniň nusgawy aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi Garaşsyz Watanymyzy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar zenanlaryny hem-de bu ajaýyp bahar baýramyny wasp edýän aýdymlar bilen tamamlandy. Çäräniň ahyrynda Toýlary toýlara ulaşýan eziz Diýarymyzda halkymyzy asuda, parahat durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözler aýdyldy.
TSTP