Zenan dünýäsi üýtgeşik dünýä. Olaryň kalbynda mährem binýat guran çäksiz güýjiň bardygyny hiç kim inkär edip bilmez. Eneler dünýäniň durky hem görki, adamzat ýaşaýşynyň bezegi. Ene-mamalarymyza, gelin-gyzlarymyza goýulýan hormat-sarpadan, baýramçylyk günlerinde Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaralar paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda çäreler geçirilýär. Şu ýylyň 29-njy fewralynda paýtagtymyzyň ,,Gül zaman,, toý mekanynda Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň hem-de Türkmen döwlet Medeniýet institutynyň bilelikde gurnamaklarynda ,,Dünýäniň bar görki enedir, ene,, atly aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi. Baýramçylyk çäresinde, çykyş eden aýdymçylar enelere, uýalara, gelin-gyzlara özleriniň iň gowy duýgularyny şatlyk bilen beýan etdiler. Şeýle-de Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen bu aýdym-sazly çäräň dowamynda meşhur estrada aýdymçylary mähriban zenanlar üçin milli hem-de dünýäniň nusgawy aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi Garaşsyz Watanymyzy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar zenanlaryny hem-de bu ajaýyp bahar baýramyny wasp edýän aýdymlar bilen tamamlandy. Çäräniň ahyrynda Toýlary toýlara ulaşýan eziz Diýarymyzda halkymyzy asuda, parahat durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyşlar aýdyldy.
TSTP