2024-nji ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti tarapyndan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda “Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi – buýsançly menzilleriň başlangyjy” atly maslahaty geçirildi. Maslahatda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Maslahatlar merkezinde şu ýylyň 22nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinden gelip çykýan wezipeler dogrusynda has takygy “Türkmenistany 2024nji ýylda durmuşykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek. Şeýle hem şol ýerde kabul edilen “Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde şu ýyl ýerine ýetirilmeli işleriň esasy ugurlary boýunça çäreleriň Meýilnamasyny” barada çykyşlar edildi. Maslahata gatnaşyjylar döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köpköp sagbolsunlaryny aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, ähli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
TSTP