Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Beýik şahyryň 300 ýyllygy mynasybetli

2024-nji ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda welaýat kitaphanasynda ägirt söz ussady, beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň many-mazmunyny ýaşlara ündew etmek maksady bilen, ýaş ýazyjylar bilen “Köňüller ýürekler bir boldy başlar – jebis bugün ähli dogan-gardaşlar” atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň, welaýat kitaphanasynyň we döredijilik işgärleri çykyş etdiler. Geçirilen döredijilik duşuşygynda Beýik akyldar şahyr, gündogaryň beýik pelsepeçisi Magtymguly Pyragynyň goşgylary okaldy. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda beýik şahyryň 300 ýyllygy mynasybetli ýaýbaňlandyrylýan giň gerimli çäreler barada durlup geçildi. Şeýle-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda günsaýyn kämilleşdirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meseleleri barada hem gürrüňler edildi. Duşuşygyň ahyrynda ýygnaga gatnaşyjylar Hormatly Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredip berýän mümkinçiliklerine öz hoşallygyny we alkyş sözlerini aýtdylar. Hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP