2024-nji ýylyň 8-nji fewralynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher, Ahal welaýat komitetleriniň hem-de hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde guramagynda ,,Sagdyn jemgyýet-sagdyn döwletiň özeni,, atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ýurdumyzda ynsan saglygyny goramakda, adamlaryň ömrüni uzaltmakda, keselleriň öňüni almakda, jemgyýetimiziň aň-bilim binýadyny pugtalandyrmakda, ylymly-bilimli sagdyn nesli kemala getirmekde, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürmekde alyp barýan işleri barada gürrüň edildi. Şeýle hem wagyz-nesihat duşuşygyň dowamynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Watanymyzyň röwşen geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesiller baradaky aladany elmydama üns merkezinde saklap, olaryň ylymly, bilimli bolmaklary, döwrüň talaplaryna laýyk zähmet çekmekleri üçin ähli şertleriň döredilýänligi dogrusynda beýan edildi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzy sagdyn jemgyýete öwürmekde alyp barýan işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.
TSTP