2024-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň gurnamagynda “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetinde Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde we olaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerini gazanmak barada berýän tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen “Ýaş nesliň aladasy bagtyýar geljegiň binýady” atly maslahat duşuşygy geçirildi.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça wagyz-nesihat işleri yzygiderli alnyp barylýar. Olar, şu günki we geljekki innowasion ösüşlerinde telekeçilik işiniň ilerlemeginde öz ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmaýarlar. Maksada okgunly ýaşlar milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň sazlaşykly utgaşdyrylmagyna, kämilleşmegine we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürülmegine saldamly goşanlaryny goşýarlar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Döwletimiz tarapyndan berilýän giň goldawdan peýdalanýan telekeçilerimiz düýpli ösüşleri gazanýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar üçin döredýän bimöçber tagallalary, uly mümkinçilikleri ýaşlarymyzyň öz saýlap alan hünärleriniň hakyky ussatlary bolup ýetişmeklerine uly ýardam edýär.
Ýurdumyza öwrenmäge, telekeçilik bilen meşgullanmaga döredip berilýän şeýle giň mümkinçilikler we şertler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary bimöçberdir.
TSTP