Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Aýdym – sazly baýramçylyk çäresi geçirildi

Şu ýylyň 18-nji dekabrynda “Gül zaman” toý mekanynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Aşgabat şäheriniň, Köpetdag etrap häkimliginiň hem-de Türkmen döwlet Medeniýet institutynyň bilelikde gurnamagynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli “Täze ýyl gutly bolsun!” atly aýdym – sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Baýramçylyk çäräsiniň dowamynda Türkmen döwlet Medeniýet institutynyň talyplarynyň ýerine ýetirmeklerinde ajaýyp zamanamyzy we Täze ýyl baýramçylygyny wasp etýän aýdym – sazlar ýaňlandy. Şeýle hem, baýramçylyk dabaranyň dowamynda dürli çykyşlar we sahna eserleri gurnaldy. Baýramçylyk çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar bize ajaýyp zamanany sowgat eden Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz sag bolsunlaryny aýtdylar.

TSTP