Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany

Golaýda,  “Abadan haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň gurnamagynda Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 28 ýyllyk şanly baýramyna bagyşlanyp “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly maslahat geçirildi.

Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşanlar Türkmenistanyň Bitaraplygy taryhy geçmişden gözbaş almak bilen, halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik, myhmansöýerlik, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik, özara düşünişmek ýaly ajaýyp häsiýetlerine daýanýandygy, bularyň ählisi halkymyzyň köpasyrlyk däp-dessurlarynda, dünýägaraýyş gymmatlyklarynda beýanyny tapmagy netijesinde, döwletimiziň milli ýörelgesine öwrülendigi barada belläp geçip, Garaşsyz Türkmenistanyň dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet bolmagy biziň her birimiz üçin uly mertebedir, buýsançdygy, Hormatly Arkadagymyzyň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy”, “Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda”, “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany”, “Bitarap Türkmenistan” atly we beýleki kitaplarynda döwletimiziň hemişelik bitaraplygynyň gözbaşlary, halkymyz hem-de adamzat üçin ähmiýeti, halkara hukuk ýagdaýy giňden açylyp görkezilýändigi dogrusynda uly buýsanç bilen gürrüň etdiler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyz üçin abadan, eşretli durmuşy döredýän, Ýer ýüzünde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda taryhy işleri bitirýän, möhüm başlangyçlary öňe sürýän, Watanymyzyň abraý-mertebesini belende göterýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleri uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

TSTP