Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Bitaraplyk, parahatlyk merkezi sen, Türkmenistanym!

Şu ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň edara binasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli “Bitaraplyk, parahatlyk merkezi sen, Türkmenistanym!” atly dabaraly çäre geçirildi. Çäräniň dowamynda onda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan düýpli özgertmeleri ýurdumyzy beýik ösüşlere eýe edendigi, halkara abraýyny has-da belende galdyrandygy, özboluşly ösüş ýoluny saýlap alan döwletimiziň syýasy, ykdysady we medeni durmuşynda gysga döwrüň içinde uly öňegidişlikler gazanyldygy barada belläp geçdiler. Şeýle hem, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji sessiýasynda dünýä taryhynda ilkinji gezek 185 döwletiň ses bermeginde Türkmenistan hemişelik Bitaraplygyna eýe bolmagy. Bu diňe bir biziň ýurdumyz üçin däl, eýsem, Merkezi Aziýa üçin hem möhüm waka bolandygy barada uly buýsanç bilen gürrüň etdiler. Garaşsyz döwletimiz dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde uly jogapkärçiligi öz üstüne almak bilen, baky Bitaraplygyň şertlerini gyşarnyksyz berjaý edýär. Harby-syýasy alamaty bolan halkara bileleşige goşulmazlyk, adam hukugyny, azatlygyny gorap, jemgyýetiň we döwletiň asudalygyny üpjün etmek, halkara ylalaşdyryjy hereketlere işjeň gatnaşmak ýaly ugurlarda möhüm işleri amala aşyrýar. Ýurdumyzyň baş baýlygy bolan adam, onuň ömri, hukuklary, azatlyklary esasy gymmatlyklaryň hatarynda durýar.

Dabaraly çäränyň dowamynda Türkmen Milli konserwatoriýasynyň aýdymçy-sazandalar toparynyň çykyşlary gurnaldy. Milli gymmatlyklarymyzdan eriş-argaç bolup syzylýan sazlar we Berkarar Watanymyzy, ajaýyň zamanamyzy we göz guwanjymyz bolan hemişelik Bitaraplygymyzy wasp etýän aýdymlar çäräniň dabaranyň geçişine öwüşgin çaýdy. Abaranyň dowamynda milli gymmatlyklarymyzda degişli sungat eserlerinden düzülen sergi gurnaldy. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar hemişelik Bitaraplygymyzy dünýäde dabaralandyrmakda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýtdylar.

TSTP