Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky bildirişler

  • #
    Aşgabat şäheriniň çäginde ýerleşýän kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, şeýle hem şäheriň ýaşaýjylarynyň dykgatyna!

    Aşgabat...

  • Dowamy

Aşgabat şäheriniň çäginde ýerleşýän kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, şeýle hem şäheriň ýaşaýjylarynyň dykgatyna!

Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi, Bagtyýarlyk etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy bilen bilelikde 2022-nji ýylyň 09-njy awgustynda Türkmenbaşy şaýolynyň 81-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň edara-binasynda, sagat 09:00-dan 12:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändiklerini habar berýär!

Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini; 

Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy,   eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.

Habarlaşmak üçin biziň salgymyz we telefonlarymyz:  

Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi

müdirliginiň ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi

Seýitnazar Seýdi köçesiniň 3-nji jaýy                                       tel: 92-14-56

Bagtyýarlyk etraby Bekrewe köçesiniň 25-nji jaýy                   tel: 37-46-68

Berkararlyk etraby Bekrewe köçesiniň 25-nji jaýy                    tel: 37-46-67

Büzmeýin etraby Oguzhan köçesiniň 8-nji jaýy                        tel: 33-12-69

Köpetdag etraby Seýitnazar Seýdi köçesiniň 3-nji jaýy             tel: 92-15-26

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy

Türkmenbaşy şaýolynyň 81-nji jaýy                                           tel: 22-74-07

TSTP