Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

  • «Garaşsyzlyk - buýsanjym» atly makalalar bäsleşigi

    DÜZGÜN...

  • «SANLY GELJEK-2026» ATLY BÄSLEŞIGI.

    DÜZGÜNNAMASY

  • MEKDEP OKUWÇYLARYNYŇ ARASYNDA GEÇIRILJEK “SEBIT EKOLOGIÝASY WE ÝAŞYL BAŞLANGYÇLAR” ATLY EKO-TASLAMALAR BÄSLEŞIGI

    Umumy...

  • “Ýaş inžiner 2026” atly robototehnika we programmirleme bäsleşigi

     ...

  • «Köken» atly gazet tapmaçalarynyň (krossword, skanword, çaýnword) bäsleşigini geçirýär.

    Bäsleşigiň...

  • Далее

«Garaşsyzlyk - buýsanjym» atly makalalar bäsleşigi

DÜZGÜNNAMASY
Bäsleşigiň maksady:
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň taryhy ähmiýetini, milli gymmatlyklary, Watana söýgi we döwlet buýsanjyny wagyz etmek, agzalarymyzyň, aýratyn-da ýaşlaryň döredijilik ukybyny artdyrmak hem-de höweslendirmek.
Bäsleşigiň düzgünleri:
Gatnaşyjylar, bäsleşige Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň ähli isleg bildirýän agzalary gatnaşyp bilerler.
-Bäsleşige diňe Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň resmi web-saýtynda (tstp.gov.tm) ýerleşdirilen makalalar kabul edilýär.
-Her gatnaşyjy bäsleşige diňe bir makala bilen gatnaşyp biler.
-Makala özbaşdak ýazylyp, ozal başga köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilmedik bolmalydyr.
-Makalanyň dili döwlet dili bolmalydyr. Baha bermegiň ölçegleri temanyň doly açylyşy, mazmunyň çuňlugy, pikirleriň özboluşlylygy, dil we ýazuw medeniýeti şeýle-de Garaşsyzlyk gymmatlyklarynyň beýan edilişi.
-Bäsleşige hödürlenen makalalar «Bäsleşige» diýen ýazgy bilen elektron formatda salgysyna iberilmelidir.
tstp.guramachylyk@sanly.tm
Bäsleşigiň jemini jemlemek:
Bäsleşigiň ýeňijileri eminler toparynyň gelen netijesi boýunça kesgitlener. Bäsleşige hödürlenen işler 2026-njy ýylyň 10-njy sentýabryna çenli kabul ediler we 15-nji sentýabrda jemleri jemlener. Ýeňijilere Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşurylar.

TSTP