Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • WATANYMYZYŇ BEÝIK ÖSÜŞLERINE BAGYŞLANAN ÄHMIÝETLI MASLAHAT

    Şu gün...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BEÝIK IŞLERI – IL-GÜNÜMIZIŇ ABADANÇYLYGY

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ PARASATLY DAŞARY SYÝASATY – PARAHATÇYLYGYŇ WE ROWAÇLYGYŇ ÝOLY

    Şu gün...

  • HUSUSY TELEKEÇILIK — MILLI YKDYSADYÝETIŇ SÜTÜNI

    Türkmenistanyň...

  • ÝAŞLAR — RÖWŞEN GELJEGIMIZDIR

    Berkarar...

HUSUSY TELEKEÇILIK — MILLI YKDYSADYÝETIŇ SÜTÜNI

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda «Türkmen şöhle» hojalyk jemgyýetinde geçirilen «Telekeçilik — milli ykdysadyýetiň altyn gaznasy» atly wagyz-nesihat çäresi ýurdumyzda hususy telekeçiligi we işewürligi ösdürmäge berilýän aýratyn ähmiýeti wagyz etmekde möhüm ädim boldy.

Bu çäre hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde, bäsdeşlige ukyply önümçilik ulgamyny berkitmekde telekeçileriň eýeleýän ornuny giňden açyp görkezdi. Döwrebap kärhanada guralan bu duşuşyk zähmet adamlarynyň işjeňligini ýokarlandyrmaga, ýurdumyzda işewürlik we telekeçilik hem-da kiçi we orta biznes üçin döredilýän giň mümkinçilikleri ýerlikli ulanmaga uly ruhubelentlik berýär. 

Hususy telekeçiligi goldamaga, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny yzygiderli pugtalandyrmaga we telekeçiler üçin döwrebap şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çäksiz sagbolsun aýdýarys.

TSTP