Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • AK ÝOLLARYŇ RÖWŞEN BOLSUN, BEDEW BATLY ŞANLY ÝYL

    Türkmenistanyň...

  • HUSUSY PUDAK ÖSÜŞ ÝOLUNDA

    Berkarar...

  • TÄZE TARYHY DÖWÜRIŇ NUSGALYK ÖSÜŞLERI-GARAŞSYZ WE BITARAP TÜRKMENISTANYŇ BAŞ ÝÖRELGESI ” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI.

     ...

  • “BEDEW BATLY, ŞAN – ŞÖHRATLY DIÝARYM” ATLY DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

    Türkme...

  • “BEDEW BATLY ÖSÜŞLER – GÜLLER AÇSYN DIÝARDA” ATLY MASLAHATY GEÇIRILDI.

    Türkme...

Medeniýet - kalbyň aýnasydyr

2021-nji ýylyň 18-nji iýunynda “Ak penjire” hususy kärhanasynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Medeniýet-kalbyň aýnasydyr” atly dabaraly maslahat geçirildi. Bu duşuşykda çykyş edenler Mähriban Arkadagymyzyň  halkymyz üçin edilýän bu ägirt uly işler bilen bir hatarda ýurdumyzda milliligimizi, medeniýetimizi we halallygymyzy dikeltmek boýunça ägirt uly işler alynyp barylýar. Esasanam ýaşlarymyza gadymdan gelýän  milli medeniýetimiz düşündirilýär. Gahryman Arkadagymyz asyrlaryň çuňluklaryndan gözbaş alyp gaýdýan milli däp-dessurlarymyza sarpa goýmakda hem ähli halkymyza görelde mekdebi bolup durýar. Ýurdumyzda medeni gatnaşyklaryň barha ýaýbaňlandyrylmagy üçin ähmiýetli işler ýola goýulýar. Halkymyzyň baý taryhy ýoluna açyp görkezmek ýaş nesillerimizi medeni mirasymyz bilen tanyş etmek maksady bilen, muzeýlere gezelençler gurnalýar. Çykyş edenler şeýle-de Magtymguly Pyragynyň eserleri, durmuş ýoly boýunça hem düşündiriş işleri hem-de  Mähriban Arkadagymyzyň  milli medeniýetimizi, milli mirasymyzy dikeltmekde alyp barýan işleri üçin köp-köp sagbolsunlar aýdylar.

TSTP