Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» atly romany arkaly edermen esger, ussat mugallym, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň Magtymguly Pyraga goýýan sarpasyny, onuň döredijiligine salgylanşyny, bu däpleri nesillere geçirşini öwrenmek bolýar. Berdimuhamet Annaýewiň durmuş ýolunda akyldar şahyryň şygyrlary uly orun tutýar. Romandan mysal getireliň: «Öz bilim-düşünjesini artdyrmak bilen, Berdimuhamet köp okaýardy. Çeper eserlerden, aýratyn hem türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi onuň ruhy başdan geçirmelerine saz gelýärdi. Şahyryň goşgularynyň köpüsini ýatdan bilýärdi. Olary okuwçylara, obadaşlaryna okap, aýdyp bererdi».
Bu eserde Berdimuhamet Annaýewiň otuzynjy ýylda Aşgabatda geçirilen dilçileriň konferensiýasyna çagyrylandygy, onda türkmen edebi diliniň esaslaryny goýmak barada gürrüň gidendigi ýatlanylýar. Çagalar üçin mugallymyň her bir sözi, her bir hereketi nusga bolup durýar. Mugallymyň çagalara berýän pentleri ýöne sözler bolman, eýsem, onuň ähli edim-gylymlarynda, şahsy mysalynda öz beýanyny tapýar. Ýeri gelende bellesek, Berdimuhammet mugallym beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň: «Tälim beren ussadyňdan aýrylma» diýen dana sözlerini hiç haçan ýadyndan çykaranok eken. «Şonuň üçinde okuw prosesinde mugallymyň çekýän zähmetine şeýle uly ähmiýet berýär» diýip, romanda bellenilýär. Bu bolsa kär kämilliginde hem şahsyýetiň Magtymguly Pyragynyň mirasyna yzygiderli ýüzlenýändigini görkezýär.
Romanda mysallar köp getirilýär. Ol mysallarda Magtymguly Pyragynyň ady örän täsirli beýan edilýär. Berdimuhamet Annaýewiň uruş ýyllarynda hem şahyryň setirlerini ruhy güýç hasaplandygy nygtalýar. Berdimuhamet Annaýew Magtymguly Pyraga goýýan sarpasyny nesillere geçirmegi başarypdyr. Bu peder-perzent gatnaşyklarynyň kämil nusgasy bolup, beýik şahyryň ebedileşdirilmegine örän uly itergi beripdir. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» atly romanynda wakalaryň Magtymguly atamyzyň döredijiligi bilen baglydygy aýratyn bellärliklidir. Eseriň baş gahrymany Mälikgulynyň ýaşlykda kämil çykmagynda Pyragynyň täsiriniň örän uly bolandygyny bellemek gerek. Gahryman Arkadagymyzyň eserlerini okanyňda paýhas ummanyny kalbyňa siňdirýärsiň. Onda beýik şahsyýetiň ömür ýoly hakyndaky edebi çeper gürrüňler, wakalar göz öňünde suratlanýar. Eserde Magtymguly Pyragynyň adynyň agzalmagy, Mälikguly Berdimuhamedowyň durmuşynda beýik akyldaryň eserleriniň ussatlyk bilen beýan edilmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Milli ýörelgeleri yzlap, döwlet tapan, mertebä ýeten hem atlaryny bakylyga ýazan pederlerimiziň durmuş ýoly şu günüň hem geljek nesilleriň mukaddes mekdebi bolmagynda galýar. Bu günki günde Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyraga belent sarpa goýýar. Bu asylly ýörelgäni Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynda görýäris.
Gahryman Arkadagymyz: «Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulan mukaddeslikleriň biridir» diýip belleýär. Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysy» atly kitabynda Magtymguly Pyragynyň
Gutular sen hak ýolunda jan berseň,
Hülle bolar, bir garyba don berseň,
Saýa bolar, mähtäçlere nan berseň,
Bir ajy doýurmak hajdyr, ýaranlar - diýen bendini mysal getirýär.
Atalaryň ýörelgesini ygrarly bolmagyň nusgasyny görkezýän Gahryman Arkadagymyz asyrlara, nesillere miras galjak ebedilik işleri bilen milletiň ykbalyna bakylygyň nuruny çaýýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň sarpasy has belent tutulýar. Zamanamyzyň taryhy senenamasyna altyn harplar bilen ýazylýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde baýram edilýän günlerinde bu hakykat has-da joşgunly duýulýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ýylyň şygary astynda geçirilýän döwletli işler, şahyryň hormatyna guralýan giň gerimli çäreler halkyň durmuşynda uly orny eýeleýär.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň geçirilmegi, şeýle-de şahyryň edebi mirasyny wagyz edýän forumlaryň, halkara ähmiýetli çäreleriň geçirilmegi nygtalmaga degişlidir. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen bagly ylmy işleriň, monografiýalaryň, neşir önümleriniň çap edilmegine, çeper we dokumental filimleriň surata düşürilmegine, şanly waka mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjekleriniň baýramçylyk ruhunda bezelmegine giň mümkinçilikleriň döredilmegi biziň her birimizde buýsanç döredýär.
Ylym-bilim öwrenmek, milli mirasymyzy dünýä ýaýmak üçin giň mümkinçilikleri döredýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdar Prezidentimiziň janlary sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Döwran ATABAÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.