Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

IL-ÝURT BÄHBIDINE

Ýurt ähmiýetli, halk bähbitli meseleleri il-gün bilen maslahatlaşyp, agzybirlikde çözmek türkmeniň asyrlarboýy dowam edip gelýän asylly ýörelgeleriniň biridir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda – 24-nji sentýabrda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde hem-de hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr. Taryhy ähmiýetli mejlisde il-ýurt bähbitli meseleleri halk bilen maslahatlaşyp çözmekde toplanan milli tejribämizden ugur alnyp, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikleri has-da berkitmek, halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine öňde duran örän möhüm wezipeleri kesgitlemek babatynda döwletli başlangyçlar we çözgütler kabul edildi. Umumymilli forumyň gün tertibine halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüşiň hem rowaçlygyň ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizildi. Asylly däbe öwrülen bu halk bähbitli maslahatyň gönüden-göni ilimiziň abadan durmuşy hakyndaky alada ýugrulmagy her birimiziň kalbymyzda bagtyýar ýurduň raýatydygymyza bolan çäksiz buýsanjy döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň çykyşlarynda ýurdumyzda amala aşyrylýan iri taslamalar, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmak, ýaş nesiller üçin röwşen geljegi üpjün etmek, ykdysadyýetiň pudaklaryny sazlaşykly ösdürmek, bilim-ylym, sport we saglygy goraýyş ulgamlarynda hem-de beýleki möhüm ugurlar boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň giňişleýin beýan edildi. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permany esasynda ýurdumyzyň gülläp ösüşlerine goşant goşýan raýatlaryň ençemesine mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli ýokary döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy, hormatly atlaryň dakylmagy ildeşlerimizi täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň «Arkadag şäherini 2024 – 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» Permana gol çekmegi ilatyň abadan durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen işleriň üstünlikli alnyp barylýandygyna şaýatlyk edýär. Taryhy ähmiýetli waka öwrülen umumymilli forum ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri ilerletmekde, jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmakda aýratyn orny eýelär. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler ildeşlerimiziň her birini uly zähmet ýeňişlerine, üstünliklere ruhlandyrýar, köňülleri buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan işlenilip taýýarlanylan we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän ýurdumyzy ösdürmegiň maksatnamalarynda hem häzirki zaman şertlerinde wajyp bolan döwrebap ýörelgeler öz beýanyny tapýar. Taryh üçin uzak bolmadyk döwürde Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan döwleti dolandyrmagyň ygtybarly, demokratiýa we hukuga esaslanýan nusgasy döredilip, jemgyýetimiziň her bir wekiliniň erk-islegini beýan etmeginiň netijeli ulgamy kemala geldi. Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen taryhy çözgütler hem bu hakykaty aýdyňlygy bilen tassyklaýar. 

Sultan ATAKIŞIÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.