Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

ÖSÜŞ MAKSATNAMALARY- ÜSTÜNLIKLERE BADALGA

Häzirki wagtda döwletimiziň durnukly ösüşini ýokarlandyrmak maksady bilen esasy garalýan meseleleriň biri hem hususy telekeçilik işini ösdürmekdir. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz: «Ykdysadyýetde döwletiň paýyny azaltmak we hususy pudagy giňeltmek boýunça netijeli işleri alyp barmaly. Hususylaşdyrmaga degişli edara-kärhanalaryň sanawyna energetika, ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň aýry-aýry döwlet kärhanalaryny, üpjünçilik desgalaryny, şeýle hem köp sanly beýleki kärhanalary girizmeli. Häzirki döwürde biz telekeçilere degişli edara-kärhanalaryň döwlete degişli edara-kärhanalar bilen deňeşdirilende, has gowy we netijeli işleýändigini görýäris» diýip belläp geçýär.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazarlarda haryt bolçulygyny döretmekde, önüm öndürmekde we gurluşyk pudagyny ýokarlandyrmakda netijeli işleri alyp barýarlar. Hakykatdan-da, her bir ýurduň ösüşinde uly wezipäni eýeleýän ugurlaryň esasylarynyň biri hususy telekeçilik işidir. Ykdysady taýdan ösen döwletleriň ykdysadyýetiniň ösmegine uly goşant goşýan telekeçilik işini ösdürmekde we kämilleşdirmekde hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda netijeli işler durmuşa geçirilýär.

Diýarymyzda hususyýetçiligi ösdürmek babatynda uly işler meýilleşdirilýär. Hususy eýeçilige daýanyp ösýän önümçilikleriň ýurduň eksportynyň artdyrylmagyna we diwersifikasiýalaşdyrylmagyna saldamly goşant goşmagyny gazanmakdan, ýurdumyzyň importynyň möçberini azaltmak we düzümini kämilleşdirmek maksady bilen, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilikleri döretmekden, ilatyň gündelik sarp edýän harytlarynyň we enjamlarynyň öndürilişini ýola goýmakdan, hususy eýeçilikdäki innowasion häsiýetli kärhanalary ösdürip, olaryň dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. 

Maksatnamalara laýyklykda hususy eýeçilikde hereket edýän kärhanalarda zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak, öndürilýän önümleriň özüne düşýän gymmatyny peseltmek babatynda giň gerimli işleri ýola goýmak, hususy eýeçiligiň kärhanalaryny toplumlaýyn we «klasterleýn» häsiýetde ösdürmek, mineral çig mallary we oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalary döretmegi giň gerim bilen alyp barmak, oba ýerlerinde we etrap merkezlerinde döwrebap iş orunlaryny döretmek hem-de işgärleriň aýlyk iş haklaryny yzygiderli ýokarlandyrmak, hususy eýeçiligiň ýurduň durmuş maksat­ly des­ga­la­ry­nyň we in­že­ner­çi­lik infrastrukturasynyň binalarynyň gurluşygyna işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak işleri has-da ilerleder.

Bazar ykdysadyýeti şertlerinde telekeçi­lik işi-em­lä­gi peý­da­lan­mak, ha­rytlary ýerlemek, işleri ýerine ýetirmek ýa-da edara görnüşli we şahsy taraplara hyzmat etmek arkaly birsyhly peýda almaga gönükdirilen özbaşdak we öz töwekgelligiň bilen amala aşyrylýan işlerdir. Telekeçilik işine başlamak we ýola goýmagy amala aşyrmak üçin zerur serişdeleriň iň möhümi maliýe serişdeleridir. Sebäbi maliýe serişdeleri ýeterlik bolan ýagdaýynda telekeçilik işini ýola goýmak we üstünlikli amala aşyrmak üçin zerur bolan maddy-tehniki serişdeler, emläkler ýaly beýleki serişdeleriň ählisini satyn ýa-da kärendesine alyp bolýar. Bu bolsa ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge we döwletimiziň eksport kuwwatyny artdyrmakda mynasyp goşant goşmaga ýardam edýär.

Türkmenistanda ýangyç-energetika toplumyny hasaba almazdan, umumy içerki önümiň düzüminde ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginiň paýy ýylsaýyn artýar. Bu bolsa ýurdumyzda telekeçilik işiniň hakykatdan-da giň gerim bilen ösýändigini, içerki önümiň öndürilişiniň we daşary ýurtlara edilýän eksportyň möçberiniň ýokarlanýandygyny görkezýär. 

Garaşsyz Watanymyzyň ykdysadyýetiniň döwlete degişli däl ulgamynyň derejesiniň ýokarlandyrylmagy we bu ugurda ýetilen belent sepgitler ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň dünýä bazarlaryndaky tutýan ornuny berkitmek babatda Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňde goýan wezipeleriniň netijesinde gazanylan üstünliklerdir. Telekeçiler diňe bir halkymyza ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa önümleri hödürlemän, ýüzlerçe täze iş orunlaryny döredip, ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligine hem goşant goşýarlar. 

Türkmen telekeçileriniň ösdürip ýetişdiren ekologiýa taýdan arassa, tagamly pomidorlary diňe halkymyzyň däl, eýsem, doganlyk halklaryň hem ak bazarlaryna, mukaddes saçaklaryna bereket bolup dolýar. Bu pursatda daşary döwletler bilen özara hyzmatdaşlygy ýola goýup, adamzat bähbitli beýik işleri alyp barýan döwlet Baştutanymyzyň kömek-goldawlary netijesinde, türkmen telekeçileriniň dünýä bazaryndaky mynasyp ornunyň barha artjakdygyna berk ynanýarys. 

Türkmen halkyna döredýän bimöçber şertleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň  janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklardan rowaçlyklara beslensin.

 

Akbäbek GULESENOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň baş hasapçysy.