Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň gurnamagynda “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýyly hem-de Türkmenistanyň Baky Bitaraplygynyň XXVII ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäherinde höwesjeň ýaş raýatlaryň arasynda Hormatly Arkadagymyzyň “Älem içre at gezer” romany esasynda kitap okamak bäsleşigi geçiriler.
DÜZGÜNNAMASY:
Bäsleşikleriň umumy maksady:
- Türkmenistanyň Baky Bitaraplygynyň XXVII ýyl baýramyny dabaralandyrmak;
- Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesliň geljegi ugrunda alyp barýan işlerine eýerip:
- bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek;
- ýurdumyzyň ýaş raýatlaryna berilýän bilimiň hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak;
- ýurdumyzda kitaphanalar ulgamyny döwrebaplaşdyrmak;
- ýaşlary kitap okamaga höweslendirmek, olaryň giň dünýegaraýyşly bolmagyna ýardam bermek;
- kitabyň jemgyýetimizdäki ornuny giňden wagyz etmek maksady bilen,
Aşgabat şäherinde höwesjeň ýaş raýatlaryň arasynda kitap okamak boýunça geçirilýär.
Geçiş tertibi:
- 04 dekabr 2022ý –test we gysga beýan bäsleşik;
- 11 dekabr 2022ý – sylaglandyryş dabarasy;
Bäsleşikleriň şertleri:
- Bäsleşik Hormatly Arkadagymyzyň “Älem içre at gezer” romany esasynda test we gysga beýan görnüşde düzülen sowalnama esasynda geçirilýär;
- Bäsleşik türkmen dilinde geçirilýär;
- Bäsleşik 2 bölümden ybarat: I bölüm – test; II bölüm – gysga beýan;
- Bäsleşige 35 ýaşa çenli islendik raýat gatnaşyp bilýär;
- Bäsleşik bellenen günde, guramaçylaryň gözegçiliginde we kesgitlän ýerinde geçirilýär;
- Bäsleşige gatnaşjaklar öňünden onlaýn hasaba alynýar;
- Bäsleşige gatnaşyjylar ýany bilen şahsyýetnama ýa-da göçürmesini getirmeli;
- Başgasynyň ornuna gatnaşan gatnaşyjylar gatnaşmak hukugyny ýitirýär;
- Synagda göçüren ýa-da kitapdan, gollanmadan, wb. çeşmelerden peýdalanan gatnaşyjylar gatnaşmak hukugyny ýitirýär;
Bäsleşikleriň jemleriniň jemlenmegi we guramaçylygy:
- Bäsleşigiň esasy guramaçylygyny TSTP Aşgabat şäher komitetiniň agzalary we ýaş meýletinçileri ýerine ýetirýär;
- Bäsleşigiň ýeňijilerine TMÝG-nyň Aşgabat şäheri Geňeşi, TSTP-nyň Aşgabat şäher komiteti tarapyndan sowgatlar we hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylýar.
Habarlaşmak üçin:
TSTP Aşgabat şäher komiteti:
+993 12 227038
+993 63 209003
www.tstp.gov.tm
merdan.tstp@gmail.com
TMÝG Aşgabat şäher Geňeşi:
+993 12 448844
tmygashgabat@gmail.com
“Täze älem” kitaphanasy:
+993 64 142114
tazealemlibrary@gmail.com
https://bb.com.tm/tazealem