Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI: TUTUMLY IŞLER ROWAÇLYKLARA BESLENÝÄR

    Ýakynda...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY – HALK BÄHBIDINE GÖNÜKDIRILEN BEÝIK IŞLER

    Türkmenistanyň...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY-GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDAR PREZIDENTIMIZIŇ MILLI DEMOKRATIÝASY

    Arkadag...

  • WATANYMYZYŇ ROWAÇLYGYNY, HALKYMYZYŇ ABADANÇYLYGYNY NAZARLAÝAN TUTUMLAR

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇ MÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Şu gün...

Halk Maslahaty – türkmen demokratiýasynyň ajaýyp nusgasydyr

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda Bereket etrabynyň tikin fabriginiň mejlisler jaýynda “Halk Maslahaty – türkmen demokratiýasynyň ajaýyp nusgasydyr” atly wagyz-nesihat çäresini geçirildi. Agzybir halkymyzyň işjeňligini has-da ösdürmek, döredijilikli güýjüni bir ýere jemlemek bolsa Hormatly Prezidentimiziň hemişe aýratyn üns berýän ugurlarynyň biridir. Munuň özi ýurdumyzyň köptaraply ösüşini gazanmaga, ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly, demokratik ýurt hökmünde dünýäde eýeleýän ornuny öňküdenem pugtalandyrmaga netijeli itergiler berýär. Şeýle asylly ýörelgeleriň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti örän uly bolar. Sebäp diýeniňde, Halk Maslahaty berkarar Diýarymyzda Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan döwletli tutumlary üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bagly meselelere halkymyzyň ähli gatlaklaryny wekillerini işjeň çekmäge uly ýardam eder. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýetilýän belent sepgitler halkymyzy çäksiz buýsanja besleýär. Bu ajaýyp hakykata şu günler baş baýramymyza hem-de onuň öň ýanynda gözel paýtagtymyz Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine bagyşlanyp geçirýän çärelerimiziň mysalynda hem bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirýäris. Şol çäreleriň ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzyň dünýädäki abraýyny belende götermekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza aýdylýan alkyşlara beslenýändigini nygtamak aýratyn ýakymly. Döwletli döwranymyzyň, baky bagtyýarlygymyzyň baş sakasynda durýan halkymyz hakynda ägirt uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!

TSTP