2023-nji ýylyň 3-nji awgustynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda Daşoguz myhmanhanasynyň mejlisler jaýynda “Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik syýasy gurluşyny kämilleşdirmekde möhüm ädimdir” atly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýurdumyzyň kanun çykaryjylyk ulgamyndaky eýeleýän möhüm orny dogrusynda belläp geçdiler. Şeýle hem şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ýurdumyzyň geljekki ösüşindäki ähmiýeti hakynda çykyşlarda belläp geçdiler. Duşuşyk ýurdumyzy ösdürmek ugrunda alyp barýan taýsyz tagallalary üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize hoşallyk sözleri bilen jemlendi.
TSTP