2023-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda Telekeçi A.Rejepowanyň “Gerçek” haryt nyşanly önümçilik kärhanasynda “Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy: Täze kararnama” atly maslahat geçirildi.
Döwletimiziň hemişelik Bitaraplygy BMGniň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen iki gezek ykrar edildi, merjen paýtagtymyzda BMGniň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açyldy. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMGniň Baş Assambleýasy tarapyndan Kararnamalaryň birnäçesi kabul edildi. Munuň özi halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesiniň dünýä ýaýylýandygynyň, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýany bolup durýar. BMG-niň Baş Assambleýasy özüniň 77-nji sessiýasynyň 60-njy umumy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny” atly Kararnamany biragyzdan kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz döwletimiziň milli ýörelgä hemde halkara hyzmatdaşlygynyň oňyn tejribesine esaslanýan daşary syýasy ugry sebit hemde dünýä ýurtlarynyň arasynda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň berkidilmegine gönükdirilýär. Türkmenistanyň daşary syýasy ulgamynda alyp barýan medeniynsanperwer hyzmatdaşlygy ýurtlaryň arasynda doganlygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň ygtybarly köprüsi bolup çykyş edýär.
Eziz Watanymyzyň asudalygy, halkymyzyň bagtyýarlygy barada taýsyz tagallalary edýän Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri hemişe üstünliklere beslensin!
TSTP