Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda “Beýik ynama mynasyp Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” atly maslahat geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň döwletlilik binýadynyň berkemegine, ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, Watanymyzy mundan beýläk-de beýik ösüşlere ýetirmäge gönükdirilen uzak möhletleýin iri maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň öňden görüjilikli syýasatynyň netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan dünýä ýüzünde giňden tanalýan döwletleriň hataryna girdi we häzirki döwürde halkara forumlaryň, maslahatlaryň hem-de dürli görnüşdäki duşuşyklaryň, gepleşikleriň geçirilýän merkezine öwrüldi. Ýaş nesle ylym bilim, döwrebap terbiýe bermek babatda bitirilýän beýik işler halkymyzda uly buýsanç duýgularyny döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň ösüp gelýän ýaş nesle edep-ekram öwretmäge, okatmaga eden yhlasy, dynuwsyz zähmeti mähriban halkymyz üçin görelde mekdebidir diýip çykyşlarda uly buýsanç bilen belläp geçdiler.
Maslahata gatnaşyjylar türkmen halkynyň abadançylygy hakyndaky bimöçber aladalary üçin Hormatly Prezidentimize we Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sag bolsun aýtdylar.
TSTP