Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bölüminiň mejlisler jaýynda “Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi – Milli bitewilik Demokratiýasynyň dabaralanmagydyr” atly maslahat geçirildi.
Çykyşlarda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň” her bir güni uly üstünliklere, şanly wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda uzak geljegi nazarlaýan, giň gerimli, maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagy, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy, telekeçilige giň ýol açylmagy, milli ykdysadyýetiň senagatlaşdyrylmagy, ähli ugurlara innowasion tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen şöhratlanýar. Berkarar ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda hem oňyn özgertmeler amala aşyrylýar.
Şu ýylyň 21-nji ýanwarynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi ýurdumyzda demokratik ýörelgeleriň dabaralanýandygynyň subutnamasy boldy. Onda “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda”, “Türkmen halkynyň Milli Lideri hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanunlarynyň kabul edilmegi halkymyzda guwanç hem buýsanç duýgularyny döretdi. Ýurdumyzda halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi Watanymyzda ata-babalarymyzyň il-gün bilen geňeş edip, möhüm meseleleri çözmek ýaly asylly ýörelgeleriniň rowaçlanýandygyny görkezdi. Milli parlamentiň bir palataly ulgama öwrülmegi bolsa, döwletimiziň halkara ülňülere laýyk gelýän kanunçylyk binýadyny has-da pugtalandyrmaga, döwlet dolandyryşynyň kämil ulgamyny döretmäge ýardam eder diýip belläp geçdiler.
Maslahata gatnaşyjylar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
TSTP