Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda birleşmäniň mejlisler jaýynda “Türkmenistanyň Halk Maslahaty - halkyň ösüşine badalga” atly maslahat geçirildi.
Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Hormatly Milli Liderimiziň gatnaşmagynda ýaňy ýakynda geçen ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagyndaky taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen giren maslahat hem ähli ýaşaýjylaryň göwnünde tükeniksiz hoşallyklary döretdi. Hormatly Milli Liderimiziň şol taryhy çykyşynda telekeçilik we senagatçylyk ulgamynyň ösdürilmegine hem uly üns berildi.
“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bilelikde hususy pudagy hem ösýär. Döwlet tarapyndan berilýän goldawdyr ýeňilliklerden peýdalanyp, içerki bazaryň ösen isleglerini kanagatlandyrmak, ýurdumyzyň hususy pudagynyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen, Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda türkmen telekeçileri soňky ýyllarda arman-ýadaman zähmet çekýärler diýip belläp geçdi.
Hormatly Arkadagymyza kanun esasynda Türkmen halkynyň Milli Lideri adynyň dakylmagy, Türkmenistanyň mejlisiniň karary esasynda Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy wezipesine bellenmegi we bu ugurda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgeşmeler we goşmaçalar girizilmegi ähli halk üçin guwandyryjy wakalaryň biri bolandygynyň şübhesizdigini buýsanç bilen bellediler.
Maslahatyň dowamynda Hormatly Arkadagymyza, halkymyzyň Milli Liderine, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar hem-de janlarynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
TSTP