2023-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda partiýanyň edara binasynyň kiçi mejlisler jaýynda “Türkmenistanyň Halk maslahatynyň döredilmegi raýat jemgyýetini gurmakda täze ädimlere ak ýol” atly maslahat geçirildi.
Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Arkadagly Serdarymyzyň we Milli Liderimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde türkmen halkynyň döwlet gurluşy babatda köpasyrlyk taryhynda toplan tejribesini hemmetaraplaýyn nazara alyp, halkyň ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleri bilen ählihalk ýygnaklaryny geçirip, iň wajyp syýasy, ykdysady, durmuş meseleleri çözmek baradaky asylly däplerinden ugur alyp we umumy ykrar edilen demokratik ýörelgelere eýerip, şeýle-de ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilendigini beýan etdiler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, Türkmeniň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň belent başlarynyň aman, röwşen ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler!
TSTP