Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda Telekeçi A.Rejepowanyň “Gerçek” haryt nyşanly önümçilik kärhanasynda “Milli kanunçylyk özgertmeler halkyň bähbidine” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda şu ýylyň 11-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatyndan gelip çykýan wezipeleri Milli parlamentiň işini kämilleşdirmek we ählihalk jemgyýetçiligiň guramasyny — Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek bilen bagly bu teklip il-günümiziň has bagtyýar ýaşaýşy baradaky maksatlary nazarlaýar. Döwlet Garaşsyzlygymyzyň geçen ýyllarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň çözgütleri bilen Mejlis tarapyndan kabul edilen kanunçylyk namalarynyň hususyýetçileriň işiniň ilerlemegine-de goşant goşandygy aýdyň we guwandyryjy hakykatdyr. Bu gün kämil kanunlar türkmen hususyýetçileriniň milli we halkara derejelerdäki hak-hukuklaryny goraýar. Halk Maslahatynyň mejlislerinde olaryň işine ýokary baha berlip, indiki menziller kesgitlenýär.
Ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek bilelikdäki maslahaty taryhy özgerişlikleriň täze sahypasy bolar. Biz — türkmen hususyýetçileriniň syýasy partiýasynyň wekilleri we agzalary bu maslahata taryhy waka hökmünde baha berýäris. Täze dörediljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işine-de üstünlikleri arzuw etdiler. Oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
TSTP