Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinden gelip çykan wezipeler dogrusynda maslahat

2021-nji ýylyň 2-nji iýununda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň gurnamagynda Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 1-nji iýulynda geçiren Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinden gelip çykan wezipeler dogrusynda maslahat geçirildi.

Maslahatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy Dädebaý Nazkulyýew we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzasy Kerimow Rahymberdi çykyş etdi.

   Çykyşlarda Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň iýul aýynyň 1-ne Türkmenistanyň Döwlet howpsyzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde Gahryman Arkadagly ýurdumyzda biz diňe bir howpsuz durmuşda däl, eýsem, howpsuz jemgyýetde ýaşaýaryndygymyz barada, ähli ýerde asudalyk, asuda köçeler, asuda garaýyşlar garşy alýandygyny, demir ýol we beýleki menzillerinde-de gije-gündiziň dowamynda asudalyk we asuda hyzmat höküm sürýändigi aýdylyp, şunuň özem biziň howpsuz jemgyýetde ýaşaýandygymyza şaýatlyk edýändigi bellendi. Şol jemgyýetde-de adamlaryň hukuk-borçlaryna düşünip, birek-birege, ýagny dünýäniň iň uly baýlygy bolan Adama gymmatlyk hökmünde garap, ikitaraplaýyn hormat, sylanyşyk, sarpa esasynda ýaşamagy jemgyýetiň öňküdenem berkleşmegine getirýändigi aýdyldy.

Maslahatyň barşynda maşgala mukaddesligi, sagdyn durmuş ýörelgeleri barada aýdylan öwüt-ündewler dykgat bilen diňlendi. Işjeň häsiýetde geçen maslahata gatnaşyjylar halkymyzyň bagtyýar we eşretli durmuşy, Watanymyzyň sazlaşykly ösüşi ugrunda edýän aladalary üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

TSTP