Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan “Ösüşe ak ýol” ady bilen maýa goýum taslamalarynyň nobatdaky maslahaty geçirildi. Maslahatda ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynyň talyp ýaşlary, mugallymlar has takygy Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýa institutynyň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika institutynyň, Türkmenistanyň Daşary Işleri ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Ýaş Alymlar Geňeşleriniň wekilleri startup üçin taslama-teklipleri bilen çykyş etdiler. Oba-hojalyk, ekologiýa, maliýe ulgamy, halkara söwda we IT tehnologiýalary ugurlary boýunça ýurdumyzyň ykdysady görkezijilerini köpugurly ösdürmek boýunça innowasion teklipler bu maslahadyň gün tertibinde orun aldy. Ýaşlaryň taslama tanyşdyrylyşyna telekeçiler gowy baha bermek bilen hödürlenen taslamalary kämilleşdirmek boýunça degişli maslahatlaryny berdiler. Şu ýylyň başynda “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy” tassyklanyldy, şol meýilnamanyň çäklerinde ýaşlary telekeçilige çekmek barada degişli işleriň alnyp barylýandygy we bu işiň giň gerim bilen dowam etdiriljegi barada maslahadyň barşynda partiýanyň işjeň agzalary çykyş etdiler.
TSTP