Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Beýik Ýeňşiň Hormatyna

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňişiň güni mynasybetli “Beýik Ýeňşiň Hormatyna” atly baýramçylyk çäresi geçirildi.

 Çykyşlaryň dowamynda gelen myhmanlar hem telekeçilere özleriniň ýürek buýsançlaryny aýtdylar. Ýeňiş güni — bu şanly baýramçylyk bolup, ol biziň hemmämiz üçin örän gymmatlydyr. Şöhratly söweş ýoluny geçenleriň taryhy edermenligi biziň kalplarymyzda hemişelik galar. Biz Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda wepat bolanlaryň ýagty ýadygärligine baş egýäris. Şol gazaply ýyllarda söweş meýdanlarynda hem-de tylda görkezilen gahrymançylyk we edermenlik, gaýduwsyzlyk hem-de tutanýerlilik biziň halklarymyzyň şöhratly ýyl ýazgysyna hemişelik girdi. Näçe ýyl geçse-de, Watan goragyna aýaga galan gahrymanlaryň edermenligi minnetdar nesilleriň hakydasynda we ýüreklerinde hemişelik saklanýar. Olar şöhratly Watan goragçylarynyň batyrlygynyň we gaýduwsyzlygynyň öňünde baş egýärler. Hut şonuň üçin hem weteranlaryň ordenleriniň, medallarynyň jaňňyrdysyndan döreýän owaza beslenen bu ýaz güni şol bir wagtyň özünde hem gussaly, hem nurana. Gazaply uruş ýyllarynda türkmen halkynyň müňlerçe edermen ogullary doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, söweş meýdanlarynda gaýduwsyzlyk görkezdiler hem-de hakyky edermenligiň, durnuklylygyň, şöhratyň we namysyň beýik nusgasyna öwrüldiler. Olaryň hatarynda Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň bardygyny, onuň durmuş ýolunyň täze taryhy eýýamda ösüp barýan ýaş nesiller üçin watansöýüjiligiň, borja wepalylygyň nusgalyk mekdebine öwrülendigini bellemeli. Milli Gahrymanlaryny hatyralamak türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däpleriniň biri bolup durýar. Dabaraly çäre gatnaşanlar  Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz hoşallyklaryny beýan etdiler.

TSTP