Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäheri ata Watanymyzyň ýüregidir. Ol Garaşsyz döwletimiziň atabraýyny we dünýä bileleşigindäki ornuny görkezýän merkezdir. Aşgabat dünýäniň ýokary medeniýet ulgamy bolan, ykdysady taýdan ösen, iň owadan şäherleriň biridir. Aşgabadyň keşbi diňe bir tebigy baýlyklarynyň köp görnüşli bolmagy bilen dälde, eýsem, döwürleriň köpdürlüligi bilen hem sazlaşykly utgaşýar. Aşgabat taryhy geçmişiň merkezidir. Biz onuň taryhyna, şanly geçmişine hormat goýýarys. Häli-şindi buýsanç bilen aýdyşymyz ýaly, biz taryhy ösüşler döwründe ýaşaýarys. Ýurduň we Aşgabadyň durmuşynda şeýle ösüşler mundan ozal hiç mahal bolan däldir. Geçen taryhy döwrüň içinde Aşgabadyň gazanan şan-şöhratynyň, özgerişleriniň gözbaşynda Garaşsyzlyk durandyr. Ähli üstünliklerimiziň, tutuş ýurdumyzyň gülläp ösüşleriniň sakasynda hem şu mukaddeslik durandyr. Bize mälim bolşy ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşen Türkmenistan myhmansöýer hemde özüne çekiji merkez bolupdyr. Bu baradaky hakykat asyrlara uzap gidýär. Mysal üçin, Aşgabadyň eteginde gadymy Parfiýa galasy ýerleşipdir. Şol galadan bu beýik döwletiň taryhyny öwrenip bolýar. Aşgabat! Garaşsyz ösüşimiziň bir pursadyny-da ondan aýry göz öňüne getirmek mümkin däl. Aşgabat — türkmen döwletiniň ýüregi! Aşgabat — türkmen döwletiniň ýüzüniň tuwagy! Aşgabat — türkmen halkynyň guwanjy! Her täze gün Aşgabadyň görküne görk goşýar. Onuň gujagyndaky ajaýyp desgalaryň birtopary özboluşly binagärlik we inženerçilik-tehniki çözgütleri bilen halkara derejeli abraýly baýraklara mynasyp boldy, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Türkmen paýtagty dünýäde ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen ýeri diýlip ykrar edildi. Mähriban paýtagtymyz barada söz açmak örän ýakymly! Türkmeniň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Aşgabat dürli döwürlerde döredijilik işgärlerini täze eserleri döretmäge ruhlandyrdy. Söz, sungat ussatlary paýtagtymyz hakyndaky biri-birinden ajaýyp eserleri dünýä berdiler. Gahryman Arkadagymyz “Ak şäherim Aşgabat” atly kitabynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: Eşit, adam, dogan ilden Gaýry mähriban ýurt bolmaz —diýen goşgy setirlerini getirýär. Milli Liderimiziň kitapda akyldar şahyrymyzyň döredijiligine ýüzlenmegi nusgalyk edebiýatymyzyň nesilleri baglanyşdyrýan uly güýjüni aýan edýär. Kitapda Milli Liderimiz “ak arzuwlar”, “ak şäher” söz düzümleriniň manysyny düşündirmek arkaly halkymyzyň gowy niýet tutunmak hakyndaky ynamyny beýan edýär. Gurmak, döretmek — bu bir gudrat! Gurmak, döretmek mümkinçiligini ynsanlara berilipdir. Bu inkär edip bolmajak hakykaty biz Hormatly Prezidentimiziň işlerinde görýäris. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň özem bu gün gurup, döretmäge gatnaşýar diýsek, ýalňyş bolmaz. Şeýlelikde, bütin geçmişdäki beýikligi bilen goýnunda gudratlary saklap gelýän ýurdumyz täze zamanada täze gudratlary bilen beýgelýär. Türkmenistan bu gün biri-birinden täsin, dünýäni aňk ediji gudratlaryň döreýän ýurduna öwrüldi. Aşgabadyň gülläp ösüşlerinden hem muny görmek mümkin. Paýtagtymyzy gurmagyň döwrebap taslamalarynyň her birine peder ýörelgesini dowam etdirýän Hormatly Prezidentimiziň zehini siňýär. Adamlaryň ýaşaýşy üçin iň amatly şertleriň döredilmegine, halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesiniň ähli babatda häzirki zamanyň ýokary talaplaryna laýyk gelmegine, paýtagtymyzyň lowurdap duran, dünýä ýalkym saçýan, iňňän owadan şähere öwrülmegine hyzmat edýän bu konsepsiýa Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip düzüldi. Şonuň bilen hem paýtagtymyzy ösdürmegiň, onuň çäklerini abadanlaşdyrmagyň esasy ugurlary kesgitlendi. Bu işiň abraý bilen amala aşyrylmagy möhüm wezipedir. Türkmen telekeçileri Aşgabatda alnyp barylýan düýpli gurluşyklara işjeň gatnaşyp, paýtagtymyzyň tapgyrlaýyn ösdürilmeginde, şäher düzümini döwrebaplaşdyrmak, köçeleri, ýanýodalary, seýilgäh zolaklaryny abadanlaşdyrmak, ýerasty geçelgeleri gurmak işlerinde ussatlyklaryny görkezýärler. Hormatly Prezidentimiziň howandarlygy netijesinde ýurdumyzyň hususy pudagynda alnyp barylýan giň gerimli işler türkmen telekeçileriniň hem bu şanly toýa mynasyp zähmet sowgatly barýandyklaryny alamatlandyrýar. Aşgabat — berkarar türkmen döwletiniň aňy hem ýüregi! Ähli meselede Aşgabat aýratyn orunda durýar. Onuň şöhraty ýene beýik döwletiň paýtagty derejesindedir. Ol örän möhüm ykdysady, syýasy, ruhy, medeni merkezdir. Diňe sebitde däl, dünýäde hem örän täsirli merkezdir. Aşgabat — gülläp ösýän ýurduň paýtagty. Ägirt uly özgertmeleriň paýtagty. Döwrebap ykdysadyýetiň hem senagatyň paýtagty. Ylmyň hem innowasiýalaryň paýtagty. Döredijiligiň hem medeniýetiň paýtagty. Abadançylygyň hem agzybirligiň paýtagty. Eşretli durmuşyň hem bagtyýarlygyň paýtagty. Halkara gatnaşyklarda örän wajyp başlangyçlary öňe sürýän ýurduň paýtagty. Dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygy barha giňeldýän ýurduň paýtagty. Halkara bileleşikde öz ornuny saklaýan ýurduň paýtagty. Bitaraplyk ýörelgesine ygrarly ýurduň paýtagty. Sagdynlygyň hem ruhubelentligiň paýtagty. Uly tejribäniň, ykdysady hem döredijilik kuwwatynyň eýesi bolan döwletiň paýtagty! Il bähbitli iň möhüm meseleleri çözmegiň merkezi. Iň uly toýlaryň, dabaralaryň merkezi. Paýtagtymyzdan gözbaş alýan baýramçylyk joşguny ýurdumyzyň ähli oba-şäherine, her bir öý-ojaga güýç berýär, rahatlyk hem şatlyk eçilýär. Aşgabat — dünýä üçin abadançylygyň hem ösüşiň nusgalyk merkezi. Bu gün Aşgabatdan dünýä dostlugyň hem hyzmatdaşlygyň giň ýollary uzaýar. Türkmeniň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize bedew batly, il bähbitli ähli beýik işlerinde uly-uly üstünlikleri arzuw edýärin! Olaryň bedewleri ýüwrük, ýörän ýollary röwşen, belent başlary aman bolsun!
Aýna Saryýewa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiriniň orunbasary