Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

Aşgabat şäheri – Merkezi Aziýanyň merjen şäheri

Ata Watanymyzyň ýüregi bolan gözel paýtagtymyzyň barha rowaçlyklara, uly üstünliklere beslenýändigi barada buýsanç bilen pikir ýöredeniňde, berkarar Diýarymyzyň ykdysady, medeni, syýasy ösüşleri, halkara giňişliginde gazanýan üstünlikleri, jemgyýetimiziň ýokary medeniýetiniň we ruhy durmuşynyň derejesi, ylym-bilim mümkinçilikleri, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýyş-durmuşy has aýdyň duýulýar. Gözel Aşgabat bu gün eşretli durmuşyň berkarar edilen belent derejesini, gurmagyň we döretmegiň kämil gurşawyny, onuň çuň many-mazmunyny äşgär edip, ösüşleriň täze belentliklerine çykýar. Aşgabat şäheri – Merkezi Aziýanyň merjen şäheri diýlip ykrar edilendir we şol bir wagtyň özünde ýurduň iri administratiw-syýasy, ulag, söwda we ylmy-medeni merkezi bolup durýandyr. 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi we bu neşiriň degişli şahadatnamasy gowşuryldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda 2013-nji ýyldan başlap 25-nji maý Paýtagtyň güni – Aşgabat şäheriniň güni hökmünde bellenilip başlandy. Paýtagtyň baş wezipesi – dünýä türkmenleri üçin baş şäher bolmak bilen, olaryň jebislik mesgenine we milli döwletliligiň mizemez binýadyna öwrülmekden ybaratdyr. Şeýle hem bellenilmeli zatlaryň biri, ol hem 2020-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasynyň (SŞBF) agzalygyna kabul edildi. Bu abraýly halkara guramadaky agzalyk şähere dürli syýahatçylyk ugurlarynyň ösdürilmegi we ýaýbaňlandyrylmagydyr. Türkmen paýtagtynyň diplomatiýanyň hem-de bitaraplygyň sebitleýin we halkara merkezi hökmündäki abraýy hem barha artýar. Bu ýerde 2007-nji ýylda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň agza-döwletleriniň we agzalarynyň goldaw bermeginde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kararyna laýyklykda esaslandyrylan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ştab-kwartirasy ýerleşendir. Mundan başgada gözel paýtagtymyzy ösdürmek bilen baglanyşykly möhüm taslamalaryň şäheriň ähli künjeklerini gurşap alýandygy aýratyn buýsandyryjydyr. Hususy binagärlerimiz tarapyndan gurlan merjen şäherimiziň gözelligine görk goşýan medeni-durmuş maksatly binalar, “Berkarar”, “Aşgabadyň ýalkymy”, “Gülzemin”, “Aşgabat” söwda we dynç alyş merkezleri ýaly birnäçe döwrebap ymaratlar häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyklygy bilen paýtagtymyzyň abraýyny has-da şöhratlandyrýar. Abadanlaşdyrylan ýerleri, ýollary we ýanýodalary, çüwdürimleri, çagalar üçin oýun meýdançalaryny, gök zolaklary özünde jemleýän bu binagärlik toplumlary paýtagtymyzyň özboluşly keşbi bilen sazlaşyp, ajaýyp görnüşi emele getirýärler. Toplumlaryň dünýä belli kompaniýalaryň enjamlary bilen üpjün edilmegi bolsa olaryň ýokary tehnologik derejesini görkezýär. Şeýle hem telekeçilerimiz tarapyndan bina edilýän giň möçberli taslamalarda öňdebaryjy tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylýandygyna şaýatlyk edýär. Ajaýyp şäherimiz Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmegiň çäklerinde döwrümiziň belent ruhundan, berkarar Diýarymyzyň beýik ösüşlerinden, jemgyýetimiziň kämilliginden habar berýän taslamalar hem bar. Umuman, ak mermere beslenen ak şäherimizde ussat gurluşykçylarymyzyň elinden çykan biri-birinden üýtgeşik, çeperçiligi taýdan ajaýyp binalar, desgalar bir-birine utgaşyp, ajaýyp bir gözellik dünýäsini emele getirýärler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyz türkmen telekeçileri we hususyýetçileri üçin taýsyz tagallalary we goldaw hemaýatlary edip giň mümkinçilikler döredip berýär. Bu babatda alnyp barylýan işleriň oňyn häsiýete hem-de uly üstünliklere eýe bolmagy bolsa ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösüşiniň, agzybir halkymyzyň bagtyýar, mynasyp geljeginiň kepilidir. Geçmişini sarpalap, il-halkyny bagtyýar geljege sary ynamly gadamlar bilen alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun.

Durdymyrat Ataýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary