Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

PARLAMENTARA ÖSDÜRILÝÄR HYZMATDAŞLYK

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy halkara maslahatlaryň, giň möçberli çäreleriň geçirilýän künjegine öwrüldi. Hazaryň türkmen kenary ýurtlaryň hyzmatdaşlygy ösdürmäge ymtylyşynyň we halklaryň dostlugynyň mekanydyr. Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde, has takygy, 19-20-nji noýabrda bu ýerde GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 61-nji plenar mejlisiniň geçirilmegi muny nobatdaky gezek bütin aýdyňlygy bilen subut etdi.

Ilkinji nobatda, 19-njy noýabrda Gahryman Arkadagymyzyň Arkalaşygyň ýurtlarynyň parlament ýolbaşçylary bilen duşuşandygyny bellemek gerek. Türkmen halkynyň Milli Lideri GDA gatnaşyjy döwletleriň parlament ýolbaşçylarynyň öňünde çykyş edip, Parlamentara Assambleýanyň mejlisiniň ýurdumyzda geçirilmeginiň guwandyryjy wakadygyny belledi. Hususan-da, Gahryman Arkadagymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk edýän döwlet hökmünde Türkmenistanyň hödürlän BMG bilen GDA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk baradaky ikiýyllyk Kararnamany kabul edendigini belledi hem-de bu waka bilen hemmeleri gutlady. Şeýle hem şol gün Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň Syýasy meseleler we halkara hyzmatdaşlyk boýunça hemişelik komissiýasynyň hem-de Hukuk meseleleri boýunça hemişelik komissiýasynyň mejlisleri geçirildi. 

Hususan-da, GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň Mejlisine GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň ýanynda synçy derejesi berildi. 1992-nji ýylda döredilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň synçy derejesine eýe bolmagy ýurdumyzyň GDA-nyň giňişligindäki parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmäge, milli kanun çykaryjylyk işinde halkara we sebit tejribesini öwrenmäge, parlamentara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga, halkara we sebit meseleleri boýunça parlamentleriň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşmaça şertleri döreder. 

20-nji noýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA ýurtlarynyň parlamentarileriniň duşuşygy dowam etdi. Duşuşykda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň parlament wekiliýetleriniň ýolbaşçylary çykyş edip, Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak, aýratyn-da, parlamentara gatnaşyklary ösdürmek boýunça öz ýurtlarynda ýerine ýetirilýän işler, toplanan tejribeler barada gürrüň berdiler. 

Ýeri gelende bellesek, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň 61-nji plenar mejlisiniň gün tertibine girizilen meseleler döwrüň möhüm wezipelerini öz içine alýar. Howpsuzlygy üpjün etmek, emeli aň, sanly tehnologiýalar ulgamyny hukuk taýdan düzgünleşdirmek, durmuş syýasatyny kämilleşdirmek, ýaş nesliň hünär taýdan taýýarlygyny goldamak boýunça taýýarlanylan nusgalyk kanunlar ýurtlarymyzyň bähbitlerine doly laýyk gelýär. GDA-nyň Parlamentara Assambleýasy tarapyndan işlenip taýýarlanylan nusgalyk kanunçylyk binýady Arkalaşygyň döwletleriniň hukuk ulgamlaryny ýakynlaşdyrmakda, umumy ykdysady we ynsanperwer giňişligi ösdürmekde möhüm gural bolup hyzmat edýär. Şoňa görä-de, mejlisde 2026-njy ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan alnyp barlan işlere aýratyn üns çekildi. Ýurdumyzda şu ýylda parlament diplomatiýasy arkaly halkara we sebit hyzmatdaşlygyny goldamak bilen baglanyşykly giň gerimli işleriň amala aşyrylandygy nygtaldy. 

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 61-nji plenar mejlisiniň esasy işi tamamlanandan soňra, bu ýerde Parlamentara Assambleýanyň Geňeşiniň çözgüdi bilen käbir parlamentarileri sylaglamak dabarasy geçirildi. Olara Assambleýanyň «Arkalaşyk» ordeni hem-de «Parlament hyzmatdaşlygyny pugtalandyrandygy üçin» diýen medallary, Parlamentara Assambleýanyň Geňeşiniň Hormat hatlary gowşuryldy. Şeýle hem şol gün «Berkarar» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň we degişli komitetleriň ýolbaşçylarynyň ýurdumyza sapar bilen gelen GDA gatnaşyjy döwletleriň parlament wekiliýetleriniň ýolbaşçylary we agzalary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Şol sanda bu ýerde Türkmenistanyň Mejlisiniň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşi bilen parlamentara dostluk toparynyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Türkmenistanyň Mejlisi bilen hyzmatdaşlyk boýunça toparynyň 2027-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna gol çekildi. 

Şeýlelikde, Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde, GDA-nyň döredilmeginiň 35 ýyllyk şanly senesiniň öňüsyrasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem-de Türkmenistanyň Mejlisine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynda synçy derejesiniň berilmegi ýaly ajaýyp wakalar bilen utgaşan nobatdaky çäreler taryhy ähmiýete eýe boldy. Munuň özi Türkmenistanyň GDA ýurtlary bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de döredijilikli ösdürmäge ymtylmasy esasynda şertlendirilen oýlanyşykly ädimdir.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy, Setdar SETDAROW