Täze taryhy döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan özüniň ykdysady kuwwatyny yzygiderli berkidýän we durnukly ösüşiň nusgasyny görkezýän kuwwatly döwlete öwrülýär. Ýurdumyzyň gazanýan durmuş-ykdysady üstünlikleriniň özeninde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan özgertmeleri, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän paýhasly we çuňňur oýlanyşykly döwlet syýasaty durýar. Bu syýasat innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga, ykdysadyýetiň pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge hem-de halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şeýle strategik çemeleşme ýurdumyzyň durnukly ösüşini we ykdysady garaşsyzlygyny kepillendirýär.
Milli ykdysady strategiýanyň iň esasy ugurlarynyň biri hökmünde ýokary tehnologiýaly senagat ösüşini we gurluşyk pudagynyň üstünliklerini görkezmek bolar. Ýurdumyzda soňky ýyllarda ýokary hilli harytlary öndürýän, şeýle hem önümleri düýpli gaýtadan işleýän senagat kärhanalarynyň sany barha artýar. Döwrebap dokma toplumlary, ägirt uly gazhimiýa we nebithimiýa zawodlary, şeýle hem gurluşyk serişdeleriniň we elektron önümleriniň täze önümçilikleri milli ykdysadyýetiň döwrebap keşbini kemala getirýär. Ýerli serişdelerden taýýarlanylan ýokary hilli önümler «Türkmenistanda öndürildi» diýen haryt nyşany bilen içerki bazary doly üpjün etmek bilen bir hatarda, dünýä bazarlarynda hem bäsdeşlige ukyplylygyny subut edýär.
Durnukly ösüşiň aýdyň görkezijisi bolan gurluşyk pudagy ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly taslamalar bilen tapawutlanýar. Bu ugurda aýratyn hem ýol-ulag düzüminiň kämilleşdirilmegine, döwrebap awtomobil ýollarynyň gurluşygyna uly üns berilýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluny görkezmek bolar. Bu ägirt uly taslama diňe bir ýurdumyzyň sebitlerini däl, eýsem, halkara ulag geçelgelerini birleşdirip, Türkmenistanyň logistik kuwwatyny täze belentlige göterdi. Täze gurulýan köprüler, döwrebap şäherara ýollar, döwlet ähmiýetli binalar we «akylly» şäher taslamalary içerki önümçiligi üpjün etmek bilen birlikde, müňlerçe täze iş orunlarynyň döredilmegine şert döredýär.
Şu nukdaýnazardan, 3 — 5-nji noýabr aralygynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergi we maslahat pudagyň ösüşine täzeçe itergi bermäge, ýurdumyzyň halkara giňişligindäki abraýyny has-da berkitmäge hyzmat eder.
Şemşat BAÝRAMGELDIÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň umumy bölüminiň müdiri.