Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

ÖZGERTMELERE WE INNOWASIÝALARA DAÝANÝAN ÖSÜŞLER

Binagärlik we gurluşyk toplumy döwletiň ykdysady kuwwatynyň, durnuklylygynyň hem-de umumy ösüş derejesiniň iň esasy görkezijileriniň biri hasaplanýar. Häzirki döwürde eziz Diýarymyzda gurulýan döwrebap durmuş-ykdysady desgalar, önümçilik toplumlary we innowasion şäherler durnukly ösüşiň aýdyň beýanydyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz sebitde we dünýäde bäsdeşlige ukyply ykdysady nusgany kemala getirmek maksady bilen, düýpli senagatlaşma strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» hem uzak möhletleýin durnuklylygy üpjün etmäge, ýokary tehnologik önümçilikleri döretmäge we geljekki nesilleriň abadançylygyna hyzmat etjek uzak möhletli özgertmeleriň hukuk binýadyny emele getirýär.

Häzirki wagtda Garaşsyz Türkmenistanyň saýlap alan durnukly ösüş ýoly giň möçberli döwlet maksatnamalary bilen birlikde, milli hususy pudagyň, telekeçiligiň işjeňligine hem daýanýar. Soňky ýyllarda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde, ýurdumyzda gurluşyk serişdelerini öndürýän kuwwatly önümçilik toplumlarynyň we hususy kärhanalaryň onlarçasy döredildi. Gurluşyk, bezeg, inženerçilik we abadanlaşdyryş işlerinde ýerli kiçi we orta telekeçiligiň paýy yzygiderli artýar. Häzirki wagtda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň hem-de önümçilik binalarynyň uly bölegi hut milli hususy gurluşyk kärhanalarymyz tarapyndan ýokary hilli amala aşyrylýar. Hususy pudak tarapyndan innowasion we ekologik taýdan arassa tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy durnukly şähergurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilişini has-da çaltlandyrýar. Bu bolsa içerki bazaryň öz önümlerimiz bilen doly üpjün edilmegine, müňlerçe täze iş orunlarynyň döredilmegine goşant goşýar.

Ýurdumyzyň milli hususy we döwlet düzümleri tarapyndan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň, Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň, şeýle-de sebitara ähmiýetli beýleki ýollaryň taslamalarynyň amala aşyrylmagy diňe bir ulag-logistika ulgamyny däl, eýsem, sebitlerdäki kiçi we orta telekeçiligiň önümlerini halkara bazarlaryna çykarmak üçin hem täze mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen birlikde, energetika, himiýa we nebitgaz pudaklarynda amala aşyrylýan düýpli taslamalar, şol sanda dökün öndürýän täze toplumlaryň we tehnologik zawodlaryň gurluşygy durnukly senagatlaşmanyň aýrylmaz bölegidir.

3-nji noýabrda ýurdumyzda ýokary derejede bellenilýän Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerini güni mynasybetli paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda açylan «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergi we maslahat hem milli ykdysadyýetimiziň täze sepgitlerini, gazanan üstünliklerini dünýä jemgyýetçiligine tanyşdyrýan strategik meýdançadyr. Bu gezekki halkara forumda milli hususy kärhanalarymyz özleriniň bäsleşige ukyply önümlerini, innowasion gurluşyk materiallaryny we taslamalaryny daşary ýurtly hyzmatdaşlara aýratyn işjeňlik bilen görkezýärler. Dünýäniň 35 döwletine wekilçilik edýän 80-den gowrak daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň, maýadarlaryň, bilermenleriň gatnaşmagynda geçirilýän bu çäre şähergurluşykda sanly ulgamy, emeli aňy hem-de «ýaşyl» tehnologiýalary ulanmak baradaky tejribeleri paýlaşmaga oňaýly şertleri döredýär. Sergi we maslahat milli telekeçilerimiz bilen daşary ýurtly maýadarlaryň arasynda täze şertnamalary baglaşmaga we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga giň ýol açýar.

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitjek taslamalaryň we uly özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, gurluşyk we senagat toplumynyň, hususy pudagyň täze belentliklere çykmagynda berýän bimöçber goldawlary, döredip berýän giň mümkinçilikleri hem-de durmuşa geçirýän asylly başlangyçlary üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Ýurdumyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagy, halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegi ugrunda gurluşyk, senagat, himiýa we energetika toplumynda jan aýaman zähmet çekýän ähli işgärlere, hünärmenlere hem-de milli işewürlerimize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we alyp barýan jogapkärli işlerinde täze-täze üstünlikleri arzuw edýäris.

Altynaý Akmyradowa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň hasabatçysy