Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

HALK MASLAHATY — HALKYMYZYŇ DÖWLETLILIK ÝOLY

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda wekilçilikli edaralaryň, hususan-da, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işini has-da kämilleşdirmek, döwleti dolandyrmakda halkyň erk-islegini nazara almak, milli demokratiýany dabaralandyrmak babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Bu işler ata-babalarymyzyň hoşniýetli ýörelgelerinden, «Döwlet adam üçindir!» hem-de «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygarlardan, şol sanda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň «Türkmenistanyň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar, halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr» diýen kadasyndan ugur alýar. Munuň özi agzybir hem-de jebis türkmen jemgyýetinde demokratik başlangyçlary ösdürmekde, raýat jemgyýeti edaralarynyň işjeňligini ýokarlandyrmakda, döwletimiziň gazananlaryny we kanunçylyk esaslaryny berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Halk Maslahaty öz mazmuny boýunça ata-babalarymyzyň ýaşululardan maslahat sorap, akyldar, ylymdar, il bähbidini araýan geňeşdarlaryny ýygnap, karara gelmek ýörelgesi bilen umumy esasy aňladyp, syýasaty öwrenişiň nukdaýnazaryndan alnanda, demokratiýany durmuşa ornaşdyrmagyň bir ugrudyr» diýip belleýär. Dogrudanda, häzirki zaman türkmen jemgyýetinde milli köklere, däp-dessurlara, halk tejribesine uly üns berilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurdumyzy edara etmegiň, demokratiýanyň milli nusgasy bolup hyzmat edýär. Halk Maslahaty nesilleri milli ruhda terbiýelemegiň hem netijeli guralydyr. Ol halkyň ruhy dünýäsini, ahlak ýörelgelerini, medeniýetini we dünýägaraýşyny görkezýän demokratik däpdir, halkyň sesini diňlemegiň, ýürek urgusyny duýmagyň taryhy tejribesidir. Maslahat ata-babalarymyzyň durmuş eleginden we ölçeg terezisinden geçiren halkyň röwşen ýoludyr. Ata-babalarymyzdan miras galan «Maslahat bilen atylan daş uzaga gider», «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Il oňlasa, atyňy soý» ýaly halk pähimleri bu ýörelgeleriň, taryhy tejribäniň anyk beýanydyr. Diýmek, Halk Maslahaty döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny üpjün edýän köprüdir. Döwletimiziň, il-halkymyzyň parahat, asuda, eşretli durmuşyna gönükdirilen möhüm meseleleriň ata-babalarymyzyň köp asyrlaryň dowamynda toplan taryhy tejribesi esasynda çözülmegi ýaş nesillerimiz üçin ýagşy göreldedir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan Garaşsyz Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Şeýlelikde, Halk Maslahaty jemgyýeti dolandyrmagyň iň kämil institutlarynyň birine, döwlet, jemgyýetçilik-syýasy gurluşy kämilleşdirmekde möhüm syýasy gurama öwrüldi. Munuň özi halkyň mynasyp wekili bolup, halka wepaly hyzmat etmegiň, onuň bähbitlerini goramagyň, goldamagyň belent nusgasydyr, milli demokratik däpleri döwrebap şertlerde giňden ulanmakdyr we ösdürmekdir. Şoňa görä-de, ata-babalarymyzyň nesillere miras goýan pähim-paýhas mekdebiniň, döwleti dolandyryş tejribesiniň dowamaty bolan Halk Maslahatynyň mejlislerinde milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýän watandaşlarymyzyň, aksakgallarymyzyň, ak saçly enelerimiziň, Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň pikirleri, teklipleri diňlenilýär. Ýokary zähmet üstünliklerini gazanan, halkyň arasynda uly abraýdan peýdalanýan ildeşlerimize döwlet sylaglary gowşurylyp, hormatly atlar dakylýar. Halkyň bähbidine gönükdirilen döwletli başlangyçlara halk bilen geňeşilip ak pata berilmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik gurluşynyň demokratik esasda üstünlikli ösdürilýändiginden, eziz halkymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşendiginden aýdyň nyşandyr. Häzirki wagtda eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygyny, jemgyýetimiziň agzybirligini goramak, bedew batly özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmek baş wezipelere öwrüldi. Bu gün okgunly ösüşler, ähli künjegi gurşap alan giň möçberli özgertmeler, täze gurluşyklar, halkara giňişlikdäki üstünlikler bagtyýar döwrümiziň şanyna täze bat berýär. Şunda döwlete dahylsyz ulgamyň ösüşine-de mynasyp orun degişli bolup, hususy telekeçilik milli ykdysadyýetimiziň hereketlendiriji güýjüne öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, «Telekeçiler ýurdumyzyň altyn hazynasydyr». Çünki milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlaryň önümçiligini artdyrmak, ýurdumyzyň eksport harytlarynyň möçberini köpeltmek, elektron senagaty döretmek boýunça maksatnamalar netijeli durmuşa geçirilýär. Olaryň amala aşyrylmagyna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary mynasyp goşant goşýarlar. Hususan-da, telekeçiler ýurdumyzda azyk bolçulygynyň pugtalandyrylmagyna ýakyndan ýardam berýärler we öňlerinde goýlan maksada ýetmäge ymtylýarlar. Şol maksat Türkmenistany eksport ugurly kuwwatly ykdysadyýeti bolan ýurda öwürmekden ybaratdyr. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň sentýabrynda — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň uly dabara bilen baýram edilmeginiň öňüsyrasynda gözel paýtagtymyzda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň berkemegine ýardam etjek syýasy, ykdysady, durmuş ähmiýetli meselelere garalar. Öňde goýlan belent wezipelere ýetilmegini üpjün etjek il-ýurt bähbitli, ykbal özgerdiji resminamalar kabul ediler. Munuň özi merdana pederlerimiziň asylly ýörelgeleriniň, adam hakdaky aladanyň bu günki günde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny, halk bilen häkimiýetiň bitewüligini ýene bir ýola bütin aýdyňlygy bilen dünýä jar eder. 

Zerhal NARMÄMMEDOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygy.