Türkmenistan Watanymyz syýasy Demokratik ýörelgeler bilen Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýylynyň içinde gazanylan üstünliklere daýanyp, ynamly öňe barýar. Halkymyzyň agzybirligi, döredijilikli zähmeti we parahatçylyga bolan ygrarlylygy Watanymyzyň mundan beýläk-de ösmeginiň möhüm şerti bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylalaşygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň merkezine öwrülen diýarymyzda raýatlarymyz üçin döredilýän oňyn şertler, ýurdumyza bolan buýsanjymyzy, geljege bolan ynamymyzy has-da artdyrýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwletiň iň ýokary wekilçilikli edarasy bolup, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we konstitusion kanunlaryny kabul etmek baradaky tekliplere garaýar, döwletiň içerki we daşarky syýasatynyň esasy ugurlaryny, ýurduň ösüş maksatnamalaryny, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini kesgitleýär. Jemgyýetçilik dialogy hökmünde eziz halkymyzyň, Watanymyzyň röwşen hem-de beýik geljegi ugrunda täze döredijilikli üstünliklere ruhlandyrmaga ýardam edýär.
Jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adam bolan ýurdumyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi, milli jebisligi we jemgyýetiň agzybirligini mundan beýläk-de berkitmekde, ilatyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir. Geçirilýän jemgyýetçilik - syýasy çäreler döwletimiziň ösüşi bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga we geljek üçin täze maksatlary kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Mejlisinde kabul edilýän il-ýurt bähbitli çözgütleri, kararlary giň hal köpçüligine wagyz etmek hem uly mertebedir.
Ýetip gelýän Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuny, mynasyp garşylamak, ony guramaçylykly geçirmek, onuň ähmiýetini halk köpçüligine ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işlere partiýamyzyň agzalary bilen işjeň gatnaşyp, oňyn işleri alyp barýarys. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirýän her bir başlangyjy halkymyzyň jebisligini berkitmäge, abadan ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Halk bähbitli, döwlet ähmiýetli uzak geljegi nazarlaýan çözgütleriň, möhüm meseleleriň il-halkymyz bilen maslahatlaşylyp çözülmegi bolsa döwletliligiň alamatydyr, döwletlilik ýörelgeleriniň dowamatydyr.
Şu günlerde diýarymyzyň ähli künjeklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Mejlisini ýokary guramaçylykda geçirmek, öňde durýan wezipeleri kesgitlemek boýunça geçirilýän çäreler çuň many mazmuna eýe bolýar. Açyklyk we aýanlyk arkaly halkymyzyň özara düşünişmegini gazanmak, ýurdumyzyň aýdyň geljegini kepillendirýän kararlary kabul etmek we durnukly ösüş üçin şertleri döretmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Türkmen halky ýaşulusyny sylap, ýaş kiçisine hormat goýýan halk. Öňden ahyra her bir tutumly işiň başy başlananda, ilki bilen ýaşululara sala salnypdyr, olar bilen maslahatlaşylypdyr. Maslahatly tutulan işiň bolsa hiç haçan kemçiligi bolmandyr. Muny halkymyzyň köpasyrlyk taryhy tejribesinden, döwletlilik ýol-ýörelgesinden hem görmek bolýar.
Ýurdumyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýar we parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwerlikli daşary syýasatyň berk binýadyna öwrülýär. Türkmenistan döwletleriň arasynda özara düşünişmegi, netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy yzygiderli goldaýar. Häzirki wagtda bu gatnaşyklaryň dowamat-dowam bolmagy, ýurdumyzyň yzygiderli ösmegi, ähli pudaklaryň gyradeň ösüşiniň gazanylmagy, maýa goýum taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça uly işler geçirilýär. Türkmenistanyň döwlet gurluşynda we jemgyýetçilik durmuşynda mundan beýläk hem şu ösüş depgininiň netijeliligini pugtalandyrmak, durnukly ösüşi saklamak, raýatlarymyzyň geljeginiň aýdyňlygy üçin yzygiderli ösüş maksatnamalaryň, degişli kararlaryň kabul edilmegi zerur bolup durýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňümizdäki Mejlisi dana türkmen halkymyzyň ata-babalarymyzyň gadymdan gelýän ýol-ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýän möhüm waka bolar. Onuň aýratyn taryhy we syýasy ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýarys. Sebäbi bu umumymilli forumyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany» ýylynda, şeýle hem Türkmenistanyň Mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilýändigine uly ähmiýet bermek zerurdyr. Bu möhüm taryhy wakalar öňümizdäki mejlisiň diňe bir milli däl, eýsem halkara ähmiýetiniň hem uludygyny görkezer.
Ýurdumyzy milli Demokratik ýol-ýörelgelerimize daýanyp yzygiderli kämilleşdirýän, raýatlarymyzyň ygtybarly geljegini nazarlap, uly ösüşlere alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halkymzyň abadançylygy ugrunda alyp barýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Enejan GELDIÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň baş buhgalteri.