Halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan taryhynda jemgyýetçilik we döwlet durmuşynyň iň möhüm meselelerini ählihalk geňeşinde, il-ýurt agzybirlikde çözmek dessury berk berkarar bolupdyr. Ata-babalarymyzdan miras galan bu beýik ýörelge bu günki gün berkarar döwletimizde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen täze taryhy mazmuna eýe bolýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işjeň iş alyp barmagy döwletimizde milli demokratiýanyň barha dabaralanýandygynyň hem-de halk häkimiýetlilik dessurlarynyň durnukly ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmen demokratiýasy — halkymyzyň asyrlar boýy kemala gelen ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, milli aň-düşünjesine, özara hormat goýmak we geňeşmek ýörelgelerine esaslanýan özboluşly milli ulgamdyr. «Geňeşli biçilen don gysga bolmaz» diýen pähimler türkmen döwletlilik mekdebiniň baş binýadydyr. Halk Maslahaty diňe bir ýokary wekilçilikli edara bolman, eýsem halk bilen döwlet häkimiýetiniň arasyndaky berk köprüdir, hakyky halk häkimiýetliliginiň hem-de jemgyýetçilik agzybirliginiň belent dabaralanmasydyr. Halk Maslahatynda kabul edilýän taryhy kararlar we döwlet maksatnamalary raýatlaryň erkinligini, adalatlylygy we deňhukuklylygy üpjün etmäge gönükdirilendir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistanda adamyň hukuklaryny we erkinliklerini goramak, adalatly jemgyýeti berkitmek döwlet syýasatynyň baş ugry hökmünde kesgitlendi. Halk Maslahatynyň mejlislerine ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, dürli kärdäki raýatlardan, il-günümiziň sylagly ýaşulylaryndan, mähriban enelerimizden, ýaşlarymyzdan wekiller gatnaşýar.
Döwlet durmuşyna degişli iň möhüm resminamalaryň, durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň we kanunçylyk özgerdişleriniň hemmetaraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylmagy milli demokratiýanyň hakyky dabaralanmagydyr. Bu bolsa her bir raýata öz Watanynyň gelejegi barada öz teklip-garaýyşlaryny döwlet derejesine ýetirmäge doly mümkinçilik berýär. Bu bolsa Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesiniň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Milli demokratiýamyzyň esasy özeni adamyň bagtyýar, parahat we abadan ýaşamagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Halk Maslahatynyň çözgütlerinde we kararlarynda, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, ýaşlar üçin döwrebap bilim we hünär mümkinçiliklerini giňeltmek, saglygy goraýyş, ylym, bilim, senagat we oba hojalyk ulgamlaryny kämilleşdirmek, täze iş orunlaryny döretmek hem-de telekeçiligi goldamak ýaly wajyp meseleler baş orunda durýar. «Döwlet adam üçindir!» hem-de «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen belent şygarlar Halk Maslahatynyň kabul edýän her bir kararynda öz amaly beýanyny tapýar.
Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmegiň çäklerinde, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy hem-de beýleki syýasy-jemgyýetçilik guramalary tarapyndan giň gerimli wagyz-nesihat duşuşyklary guralýar. Bu çärelerde Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň taryhy ähmiýeti, döwletimiziň halkara abraýy hem-de durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň mazmuny giňden düşündirilýär. Halk Maslahaty jemgyýetde milli agzybirligi, durnuklylygy we özara ynamy berkitmegiň baş kepilidir. Halk Maslahatynda durmuşyň dürli ugurlarynda gazanylan üstünliklere baha berilmegi, geljekki ösüş ýollarynyň dogry kesgitlenmegi raýatlaryň öz erki bilen döwletiniň gelejegine bolan ynamyny has-da berkidýär.
Şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplyk hem-de parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty Halk Maslahatynyň çözgütlerinde öz beýanyny tapyp, ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha ýokarlanmagyna uly goşant goşýar. Halk Maslahaty — türkmen halkynyň milli demokratiýa, adalatlylyga, parahatçylyga we agzybirlige bolan ygrarlylygynyň hem-de berkarar döwletimizde adamyň beýik gymmatlyk hökmünde yglan edilmeginiň dabaralanmasydyr. Ata-babalarymyzdan miras galan maslahatlaşmak dessury täze döwrüň ruhy bilen utgaşyp, Türkmenistan döwleti ösüşiň we özgerişiň täze belentliklerine ynamly öňe barýar.
Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda milli demokratiýamyz mundan beýläk hem dabaralansyn, berkarar Watanymyz gülläp össün! Goý, türkmen halkynyň hak howandarlary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Aýna SARYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.