Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

HALKA MASLAHATY — DÖWLETLILIK ÝÖRELGELERINIŇ DOWAMATLYLYGY

Täze taryhy döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda parahatçylyk, abadançylyk, agzybirlik hem-de halk demokratiýasy rowaçlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň asylly işlerini dowamata besleýän hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik ulgamy, hususan-da, demokratiýa iň öňdebaryjy ylmy pikir-garaýyşlara we milletimiziň ruhy-ahlak ýörelgelerine esaslanýan döwlet syýasatynyň wajyp ugry hökmünde barha kämilleşýär.

Parasatly halkymyz müňýyllyklara uzaýan taryhy ösüş ýolunda döwletiň we il-günüň ykbalyna täsirini ýetirýän möhüm meseleleri halk köpçüligi bilen maslahatlaşyp, agzybirlikde çözmek ýaly ajaýyp demokratik ýörelgeleri döredipdir. Mununuň şeýledigini parasatly pederlerimiziň döreden «Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn», «Iliň güýji — siliň güýji», «Il bilen gelen toýda-baýram», «Halk aýtsa, galp aýtmaz», «Iki geňeş birikse, elli ýigit ýüz bolar», «Arkalaşyk iki başdan, biri daşdan, biri içden», «Agzybire Taňry biýr, agzalany gaňrybiýr» ýaly ajaýyp pähimleri hem aýdyň görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gadymy ýörelgelerimizi, milli demokratiýamyzy, jebisligimizi we agzybirligimizi häzirki zaman şertlerinde döredijilikli kämilleşdirmek ugrundaky tagallalarynyň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan üstünlikler halkymyzyň kalbyny ganatlandyrýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň barha ýakynlaşýan günlerde ýurdumyzda ähli ugurlarda uly öňegidişlikler gazanylýar. Asylly däbe görä, şanly baýramyň bellenilýän günlerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi halkymyzy has-da jebisleşdirmekde we döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegine gönükdirilen çözgütleri kabul etmek babatda möhüm ähmiýete eýe bolar.

Halk häkimiýetini amala aşyrmakda, durnukly durmuş-ykdysady ösüşi, halkyň eşretli durmuşyny üpjün etmekde Türkmenistanyň Halk Maslahaty möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Döwlet berkararlygynyň binýadyny berkitmek, hukuk ulgamyny kämilleşdirmek, raýat jemgyýetini ösdürmek, döwlet bilen raýatlaryň arasynda sazlaşykly gatnaşyklary üpjün etmek häzirki zaman türkmen jemgyýetini galkyndyrmakda wajyp wezipeleriň hataryna girýär. Esasy Kanunymyza laýyklykda, halkyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edara bolan Türkmenistanyň Halk Maslahaty bilen bilelikde ýerlerde döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hereket edýär. Olar bu ugurda jemgyýetçilik guramalardyr syýasy partiýalar bilen hem işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik guramalary, şol sanda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, yzygiderli guralýan wagyz-nesihat duşuşyklarynda Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy, ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän özgertmeleriň taryhy ähmiýeti, döwletimiziň barha artýan halkara abraýy barada giňişleýin gürrüň edilýär. Şeýle hem kabul edilen milli maksatnamalaryň, durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň mazmuny we ähmiýeti açylyp görkezilýär. 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 23-nji sentýabrda paýtagtymyzda geçiriljek taryhy mejlisine görülýän taýýarlyk  ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň hem möhüm wezipelerine degişlidir. Ählihalk forumyna ýurdumyzyň welaýatlaryndan, etrap-şäherlerinden wekiller, dürli ýaşdaky we kesp-kärdäki adamlar, şol sanda hususy işewürler hem gatnaşar. Halk Maslahatynyň mejlisinde Watanymyzyň ösüşli ýollary, halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde göz öňünde tutulýan belent maksatlar hakyndaky pikir-garaýyşlary diňlenmegi, döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň ugurlaryna içgin göz ýetirilmegi, ýurdumyzyň ýyl ýazgysynda görnükli orun alýan tutumly işler bilen ýakyndan tanyşylmagy geljekki ösüşlerimiziň binýadyny berkider.

«Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen belent şygardan ugur alnyp, halk bilen döwletiň bähbitleriniň bitewüliginiň üpjün edilmegi Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagyny şertlendirýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde kabul ediljek döwletli çözgütler  halkymyzyň ýagty geljegine şugla saçar. Şu günki we geljekki nesilleriň abadan ýaşaýşy ugrunda uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli işleri rowaç bolsun!

Baýrammyrat ATAÝEW , Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.