Biziň ata-babalarymyz at bilen bagly birnäçe nakyllary we atalar sözlerini döreden halkdyr. Olarda: «Atym bar-ganatym bar», «Atym bar, ne gamym bar», «Atyň barka ýol gazan, ataň barka dost», «At agynan ýerde toý bolar» ýa-da «Ertir turda ataňy gör, ataňdan soň atyňy» diýen ajaýyp jümleleriň aňyrsynda uly bir umman ýatandyr. Bu sözleriň aňyrsynda türkmeniň öz atyny mukaddeslige ýetirilişini görmek bolýar. Sebäbi her bir türkmen maşgalasynda ertir ir bilen örülende, ilki ata-eneňe Salam bilen ýüzlenilýär. Şu jähtden alanymyzda hem ir bilen atyňy görmek hem adat bolup galan ýörelgedir. Özgerişlikler döwründe türkmen atlaryna döwran dolandy. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda diňe bir paýtagtymyzda däl, welaýatlarymyzda hem döwrebap aýlawlaryň gurulmagy bedew atlarymyza döwlet derejesinde goýulýan uly hormatdan nyşandyr. Şanly Garaşsyzlygymyzyň toýlanýan 35 ýyllyk toýunda, has takygy 29-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiziň we türkmen halkynyň milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasy ýokary derejede geçirildi. Bu şanly waka «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň möhüm taryhy wakalarynyň üstüni ýetirdi. Munuň özi şanly wakalaryň many-mazmun taýdan baýlaşýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Şol gün Köpetdagyň eteginiň gözel künjeginde,dag etekleriniň älemgoşar öwüşgünli künjeginde Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumynyň dabaraly açylyşy boldy. Dabaralaryň çawy dünýä ýaýrap, dünýä giňişliginde türkmen bedewiniň waspy belentden ýetirildi. Çapuw meýdançasynda ýaýbaňlandyrylan dabaralar belent ruha, şadyýan aýdym-sazly toý öwüşgünine beslendi. Gahryman Arkadagymyzyň taryhy pursatlarda atyň taýçanaklykdan belent başly bedewe öwrülýän pursadyny janlandyrýan «Atly aýlaw» halkalaýyn ýoluň daşyndan öwrüm etmegi taryhy wakalaryň badalgasy boldy. Bu ýerde oturdylan bedewiň ak reňkde bolmagynyň özi halkymyzyň «Ak zat alnyňa ýagşy» ýörelgesiniň nusgasyna öwrüldi. Bedewiň ýüzüniň ilerik bolmagy bolsa Watanymyzyň batly depginli ösüşlerini alamatlandyrdy. Täze açylan toplum dünýä ülňülerine doly laýyk gelýär.Toplumyň esasy we dolandyryş binalary ylmyň we tehnologiýanyň soňky gazananlary bilen üpjün edildi. Dolandyryş binasynda sanly ulgam arkaly atyň saklanyşyna gözegçilik edilýär. Bu bolsa atyň iýmiti, saglyk ýagdaýy baradaky maglumatlary tiz almaga ýardam edýär. Döwrebap toplumda seýisler we atbakarlar üçin hem ähli amatlyklar döredildi. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, täze toplum biziň belent maksatlara ýetmegimize ganat berýär. «Bedew myrada ýetirýär, döwlet getirýär» diýen ýörelgeden ugur alsak, behişdi bedewlerimiziň hormatyna açylan ajaýyp binalar halkymyz üçin toý sowgady boldy. Ahalteke bedewleriniň asyl mekanynda geçirilýän dabaralar behişdi bedewlerimiziň jemgyýetimizde möhüm orun eýeleýändigini we atlarymyzyň toý-baýramlarymyzyň esasy bezegine öwrülýändigini alamatlandyrýar. Bu ýerde şanly wakanyň hormatyna guralan dabaralarda birek-birege göwün beren ýaş juwanlaryň durmuş toýuna möhüm ornuň degişli bolandygyny bellemek has-da ýakymlydyr. Pähimdar türkmenlerimiz «At agynan ýerde toý bolar» diýýär. Goý, hemişe türkmeniň mele meýdanynda sagrysy meýdanly bedewlerimiz agynap, toýlarymyzyň buşlukçysy bolsun! Milli gymmatlyklarymyzy yzygiderli ösdürmäge hem-de halkymyzyň toýly, parahat we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur sagbolsun aýdýarys! Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe üstünliklere beslensin!
Maksud TORAÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň başlygy.