Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

DURNUKLY ÖSÜŞIŇ WE ABADANÇYLYGYŇ BINÝADY

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň 13-nji few­ral­da ge­çi­ri­len gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de ge­çen ýyl­da ýur­du­myz­da al­nyp bar­lan iş­le­riň jem­le­ri jem­le­ni­lip, Wa­ta­ny­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek bo­ýun­ça şu ýyl­da öň­de dur­ýan we­zi­pe­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Mej­li­siň do­wa­myn­da hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­lygy­ny we aba­dan dur­mu­şy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len döw­let äh­mi­ýet­li çöz­güt­ler ka­bul edil­di. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Türk­menis­ta­ny 2026-njy ýyl­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň we ma­ýa go­ýum Mak­sat­na­ma­sy­ny» tas­syk­la­mak bo­ýun­ça Ka­ra­ra gol çek­me­gi eziz Di­ýa­ry­myz­da dur­nuk­ly yk­dy­sa­dy ösü­şi üp­jün et­mek ba­bat­da ýa­daw­syz ta­gal­la­la­ryň edil­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär.

Täze maksatnama «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda milli ykdysadyýetimiziň, ýurdumyzyň sebitleriniň durnukly ösüşini üpjün etmegi, senagat-innowasion ösüş derejesini ýokarlandyrmagy, ykdysadyýeti sanlylaşdyrmagy dowam etdirmegi, maýa goýumlaryň işjeňligini artdyrmagy, işewürlik gurşawyny ösdürmegi hem-de hususy pudagyň ugurlaryny we gerimini giňeltmegi, täze iş orunlaryny döretmegi, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy nazarlaýar. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, şu ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterim derejesinde saklamak meýilleşdirilýär. Şeýle hem ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 41,2 milliard manada golaý maýa goýumlary gönükdirmek, täze kärhanalaryň gurlup ulanmaga berilmegi bilen ýurt boýunça 5 müň 300-e golaý täze iş orunlaryny döretmek maksat edinilýär. Diňe halkymyzyň bähbidine, Watanymyzyň dünýädäki abraýynyň barha belende galmagyna gönükdirilen bu asylly maksatlara ýetmekde, döwletli başlangyçlary amala aşyrmakda hususy pudagyň orny örän uludyr. 

Häzirki wagtda ýurdumyzyň hususy ulgamy milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylmagynda we innowasion ýol bilen ösdürilmeginde strategik ähmiýetli güýje öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň goldaw-hemaýatlary netijesinde, türkmen telekeçileri diňe bir içerki bazaryň bolçulygyny üpjün etmän, eýsem, dünýäniň eksport bazarlarynda hem öz ornuny ynamly berkitmegiň hötdesinden gelýärler. Telekeçiligiň ösmegi ýurdumyzda importyň ornuny tutýan önümçilikleriň gerimini giňeltmäge we täze iş orunlarynyň müňlerçesiniň döredilmegine gönüden-göni ýardam edýär. Hususy önüm öndürijilere döwlet tarapyndan ýeňillikli karz serişdeleriniň we uzak möhletleýin esasda müňlerçe gektar ýer bölekleriniň bölünip berilmegi telekeçileriň iň döwrebap tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyna giň ýol açýar. Bu günki günde türkmen işewürleri azyk senagatyndan başlap gurluşyk serişdelerine, dokma önümlerinden sanly ulgamlara çenli ähli ugurlarda belent we arzyly sepgitleri nazarlaýarlar. Hususy kärhanalarda öndürilýän önümleriň ekologik taýdan arassalygy we ýokary hili «Türkmenistanda öndürildi» diýen belginiň daşarky bazardaky abraýynyň has-da artmagyna şert döredýär. 

Aýratyn bellemeli ýagdaý, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän hususy kärhanalaryň sanynyň köpelmegi ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegini has-da berkidýär. Telekeçiler tarapyndan öndürilýän önümleriň görnüşleriniň yzygiderli artdyrylmagy sarp edijileriň islegleriniň doly kanagatlandyrylmagyna mümkinçilik berýär. Sebäbi telekeçileriň döredijilikli başlangyçlary we täzeçillik ýörelgeleri milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýan esasy şertleriň biridir. Şundan ugur alsak, häzirki wagtda kiçi we orta telekeçilik ýurdumyzyň ykdysady-durmuş ösüşinde aýgytlaýjy orny eýeleýär. Döwletimiziň we işewürlerimiziň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlyk Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň möhüm sütünini emele getirýär. Şoňa görä-de, «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, hususy pudagyň paýyny jemi içerki önümde 72,9 göterime ýetirmek meýilleşdirilip, munuň özi milli işewürlik ulgamyna bildirilýän ýokary ynamyň aýdyň görkezijisidir. 

Bu Maksatnamada bellenen her bir görkeziji adam hakdaky aladanyň beýanydyr. Çünki biziň ýurdumyzda raýatlaryň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagy, göwnejaý dynç almagy döwlet derejesinde hemişe üns merkezinde saklanylýar. Şoňa görä-de, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň giňden dabaralandyryljak ýylynda umumy meýdany 900 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlary, şol sanda paýtagtymyz Aşgabadyň «Parahat — 7» toplumynda 30 sany ýaşaýyş jaýy hem-de köp sanly söwda we hyzmatlar öýleri, Büzmeýin etrabyndaky ýaşaýyş jaý toplumynda 46 sany häzirki zaman ýaşaýyş jaýy, şeýle-de paýtagtymyzda 127 sany iki gatly kottej görnüşli ýaşaýyş jaýy, 4 müň orunlyk köpugurly medeni merkez gurlup ulanmaga berler. Eziz Diýarymyz boýunça 3 müň 380 orunlyk umumybilim edaralary we 1 müň 80 orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralary, şeýle hem Aşgabatda täze Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezleri we Stomatologiýa merkezi açylar. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlary talyp ýaşlaryň häzirki zaman talaplaryna laýyklykda hünär bilimini almagyna şert döreder. Bulardan başga-da, ata Watanymyzyň ähli sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek maksady bilen, şanly ýylda giň gerimli taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçiriler. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylmagy, Gyzylarbat etrabynda täze, döwrebap obanyň, köpugurly elektrik stansiýasynyň, Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde ýaşaýyş jaýlarynyň we binalar toplumynyň, «Arçman» şypahanasynda 400 orunlyk täze binalar toplumynyň ulanmaga berilmegi ilatymyzyň girdejilerini yzygiderli artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak bilen bagly çäreleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna öz oňyn täsirini ýetirer. Giň gerimli gurluşyk işlerine Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary öz mynasyp goşantlaryny goşmak bilen, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek ugrunda uly tagalla ederler. 

Bir söz bilen aýdanyňda , «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygarlaryň has-da dabaralanýandygyny alamatlandyryp, onuň esasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda amala aşyryljak giň gerimli özgertmeler, tutumly başlangyçlar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini hil taýdan täze basgançaga göterer. 

Setdar SETDAROW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy.