Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

GÖZEL DIÝARYMA NOWRUZ GELIPDIR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany» ýylynda hem medeni mirasa baý halkymyzyň ajaýyp däp-dessurlary, baýramçylyklary we toý dabaralary täze many–mazmuna eýe bolýar. Ruhy-medeni gymmatlyklarymyz asyrlaryň dowamynda halkymyzyň kalbynda hasyl bolan arzuwlaryň özboluşly beýanyna öwrüldi. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň  taýsyz tagallalary bilen ruhy-edebi we taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmek, milli medeniýetimizi ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen baglanyşykly däpleri, edebi eserleri, halk oýunlary, toý tagamlary öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Nowruzyň taryhyny ekerançylygyň irki ojaklary bilen baglanyşdyryp öwrenmek maksadalaýyk bolar. Eger-de Nowruzy, ilkinji nobatda, tebigatyň täzelenişi, ekerançylyk işleriniň başlanyşy bilen baglanyşdyrýan bolsak, onda bu baýramyň gözbaşyny hut şu bereketli toprakdan gözlemelidiris. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara Nowruz güni Türkmenistanyň ähli künjeklerinde giňden bellenilip geçilýän milli baýramlaryň biridir.

Bahar paslynyň gözelligine gözellik goşýan nurana baýram —täze günüň, täze ýylyň başlanýandygyny buşlaýan Nowruz tebigatyň täzeleniş baýramydyr.

Birnäçe ýurtlaryň, şol sanda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň tagallasy bilen Nowruz baýramy halkara hukuk derejesine eýe boldy. 2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda 24 döwletiň goldamagynda Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň, Eýranyň, Täjigistanyň hyzmatdaşlygy we teklip etmegi netijesinde 2010-njy ýylyň 19-njy fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde her ýylyň 21-nji martyny Halkara Nowruz Güni diýip yglan etmek barada ýörite Kararnama kabul edildi. 2016-njy ýylyň 30-njy noýabrynda Nowruz baýramynyň däp—dessurlary ÝUNESKO-nyň Adamzadyň Maddy däl medeni mirasynyň sanawynyň üstüni ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Dünýäniň birnäçe halklary bilen birlikde, türkmen halky hem gadymy döwürlerden bäri Nowruz baýramyny giňden belleýär. Gündogar halklarynyň durmuşynda täzelenişiň, ynsanperwerligiň, agzybirligiň we jebisligiň baýramyna öwrülen Nowruz baýramy dünýä ýüzünde giňden meşhurdyr. Nowruz baýramy bilen baglanyşykly  ýerine ýetirilýän däp-dessurlar dünýä halklarynyň arasynda parahatçylyga, dost-doganlyga esaslanýan hoşniýetli gatnaşyklaryň binýadyny berkidýär. Ýaş nesilleriň kalbynda watançylyk, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik häsiýetlerini kemala getirmekde hem Nowruz baýramynyň terbiýeçilik ähmiýeti uludyr». Ine, şoňa görä hem bu  günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen bagtyýar ulus-ilimiz

Milli bahar baýramyna — Halkara Nowruz gününe aýratyn ähmiýet berip, ony uly joşgun, ruhubelentlik bilen belleýär. 

Tebigatyň janlanýan, daş-töweregiň al-elwan güllere, lälezarlyga beslenýän çagynda uludan toýlanýan Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni her bir adamyň kalbyny heýjana getirýär, buýsanja, guwanja besleýär. Halkymyzyň kalbynda we hakydasynda müdimi orun alan şunuň ýaly gadymy toýlarymyzy has uludan toýlamaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz çäksizdir. Goý, güneşli Diýarymyzda toýlanýan her bir toýuň dabarasy bütin dünýä ýaň salsyn!

Gülsoltan ALLAGULYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.