Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

HUSUSY TELEKEÇILIK ÖSÜŞ ÝOLUNDA

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň ählitaraplaýyn ösüş ýoluna düşmegine giň mümkinçilik açyldy. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýeti ýokary ösüşlere eýe bolmak bilen, ykdysady mümkinçilikleri barha ýokary.  Durmuşymyzda üýtgewsiz hakykat bolup galan bu ajaýyp jümleler her zähmet adamsynyň kalbynda joşgunly zähmet çekmäge bolan hyjuwy döredýär. Döwletimiziň ykdysady ösüşleri Watanymyzyň kuwwatlylygynyň has-da ilerlemegine, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň barha gowulanmagyna edýän oňyn täsirleri, röwşen geljegimiziň ösüş ýolunda öňe barýandygyny habar berýär. Ýurdumyzda telekeçiligi, hususyýetçiligi şol sanda hususy önümçiligi goldamak maksady bilen, amala aşyrylýan çäreler bu gün ýurdumyzyň ykdysady durmuşynda wajyp orny eýeleýär. Häzirki wagtda, ýurdumyzda bazar ykdysadyýetine geçilýän şertlerde döwlete dahylsyz pudagy ösdürmäge hem aýratyn üns berilýär.

Ykdysadyýetiň ählumumylaşýan şertlerinde dünýä hojalygyna birikmek, halkara zähmet bölünişiginde öz mynasyp ornuňy tapmak  meselesi ösüş ýoluny saýlan türkmen döwleti üçin uly ähmiýete eýedir. Ykdysadyýeti ösdürmegiň döwlet maksatnamasy hojalygy ýöretmegiň dünýäde ykrar edilýän usullaryndan ugur alýar we bazar ykdysadyýetiniň ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak üçin zerur şertleri döredýär. Dünýä derejesinde bolup geçýän ykdysady hadysalaryň we täsirleriň döwletleriň milli ykdysadyýetine edýän täsiri ylymda we tejribede subut edilen hakykatdyr. Türkmen ykdysadyýetiniň ösüş maksatnamalaryna laýyklykda, bazar ykdysadyýetine geçmegiň bir ugry hökmünde hususy telekeçilige uly orun berilýär. 

Häzirki wagtda ýurdumyzda her ýylda birnäçe döwletleriň telekeçileriniň gazanan üstünliklerine bagyşlanan halkara sergiler we maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Bular bolsa, telekeçiligiň dünýä tejribesini öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Bu babatda gyzyklanma bildirýän dünýä döwletleriniň köp sanlysy bilen özara sergiler we maslahatlar yzygiderli geçirilýär. 

Ýurdymyzda häzirki döwürde telekeçiligiň berk binýady kemala getirilýär. «Açyk gapylar» syýasatynyň üstünlikli alnyp barylmagynyň netijesinde, erkin ykdysady gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, ýeňillikli salgyt syýasaty, ýeňillikli karzlaryň berilmegi telekeçiligi ösdürmäge ýardam berýän mümkinçiliklerdir. Şunlukda telekeçiligiň milli kanunçylyk binýadyny emele getirmek, söwda işleriniň hukuk esaslaryny dünýä ülňülerine laýyklykda amala aşyrmak meselesi häzirki döwürde öz ähmiýetliligi bilen tapawutlanýar. Syýasy durnuklylyk, telekeçiligiň döwlet tarapyndan goldanylmagy onuň uzak möhletleýin häsiýete eýe boljakdygyny aýdyň görkezýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe telekeçilige, hususyýetçilige berilýän goldawyň netijesinde, telekeçilik uly ösüşe eýe bolýar. Türkmenistanyň bazar gatnaşyklaryna geçýän döwründe öz milli aýratynlyklaryny nazara alyp, milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde, ylaýtada, telekeçilige döwlet tarapyndan döredilýän mümkinçiligiň esasynda telekeçilikde dünýä tejribesini önümçiligi ornaşdyrmagyň wajyp orna eýedigini aýratyn bellemelidiris. 

Telekeçiligi goldap, onuň barha ösmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlarymyz çäksizdir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslensin!

Aýbibi BAÝNAZAROWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.